Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly
ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet
durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi.
Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa milli
kanunçylygy döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat
berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda hereket edýän kanunlary Türkmenistanyň
Konstitusiýasyna we döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirmek maksady bilen,
Administratiw hukuk bozulmalary hakynda, Jenaýat, Arbitraž iş ýörediş, Jenaýat
iş ýörediş, Jenaýat-ýerine ýetiriş, Maşgala, Ilaty durmuş taýdan goramak
kodekslerine we başga-da birnäçe kanunlara degişli üýtgetmelerdir goşmaçalary
girizmek boýunça işler geçirilýär.
Daşary döwletler we halkara guramalar bilen gatnaşyklar
yzygiderli ösdürilýär. Şunuň bilen baglylykda, birnäçe duşuşyklaryň
geçirilendigi aýdyldy. Mundan başga-da, ýurdumyzyň parahatçylyk, ynanyşmak,
ynsanperwer syýasatyny hem-de bu ugurda toplan tejribesini parlament diplomatiýasynyň
üsti bilen dünýä ýaýmak maksady bilen, utgaşykly görnüşde Bitaraplygyň dostlary
toparyna agza ýurtlaryň parlament ýolbaşçylarynyň «Parlamentara dialog —
dünýäde parahatçylygy we ynanyşmagy üpjün etmegiň möhüm guraly» atly ikinji
duşuşygy geçirildi.
Hormatly Prezidentimiz häzirki döwrüň talaplaryna laýyk
gelýän täze kanun taslamalaryny işläp taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işleri
dowam etdirmegiň möhümdigini belledi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary
H.Geldimyradow milli manadyň dolanyşyga girizilmeginiň 32 ýyllygy mynasybetli
ylmy-amaly maslahaty geçirmäge görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, 1-nji noýabrda guraljak foruma
ýurdumyzyň ykdysadyýet, maliýe-bank toplumynyň ministrliklerinden, pudaklaýyn dolandyryş
we karz edaralaryndan, ýokary we ýörite orta okuw mekdeplerinden wekilleriň
250-siniň gatnaşmagyna garaşylýar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet
Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklip hödürlenildi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, milli pulumyzyň —
manadyň dolanyşyga girizilmeginiň 32 ýyllygyna bagyşlanan ylmy-amaly maslahata
gowy taýýarlyk görmegiň we ony guramaçylykly geçirmegiň möhümdigini belläp,
wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanow «Türkmenistanyň
nebiti we gazy — 2025» atly XXX halkara maslahaty we sergini geçirmäge görülýän
taýýarlyk işleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda sergä
gatnaşmak üçin isleg bildiren daşary ýurt kompaniýalaryň 70-den gowragy, ýerli
kärhanalaryň hem-de hususy telekeçileriň 30-a golaýy, şeýle-de ýurdumyzyň
degişli ministrlikleri we pudaklaýyn dolandyryş edaralary sergi diwarlyklary
bilen gatnaşmak üçin hasaba alyndy. Utgaşykly görnüşde geçiriljek maslahata
gatnaşmaga jemi 1 müň 390-a golaý wekil isleg bildirdi. Maslahatyň çäklerinde «Halkara
parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda global energiýanyň geljegini şekillendirmek —
innowasiýa, energetika geçişi we strategik hyzmatdaşlyk», “Türkmen tebigy
gazynyň artýan orny: eksport ugurlarynyň giňeldilmegi we energetika geçişine
itergi bermek” atly plenar mejlisleri, möhüm ähmiýetli meseleler boýunça
mowzuklaýyn mejlisleri geçirmek meýilleşdirilýär. Şunuň bilen baglylykda,
wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda her
ýyl geçirilýän «Türkmenistanyň nebiti we gazy» atly halkara maslahatyň we
serginiň ýangyç-energetika toplumynyň işini kämilleşdirmäge ýardam berýändigini
belledi. Döwlet Baştutanymyz wise-premýere «Türkmenistanyň nebiti we gazy —
2025» atly halkara forumy ýokary derejede geçirmäge gowy taýýarlyk görmegi
tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary
T.Atahallyýew oba hojalyk pudagynda hem-de welaýatlarda möwsümleýin işleriň
barşy barada hasabat berdi.
Nygtalyşy ýaly, şu günler ýurdumyzyň ekerançylyk
meýdanlarynda ýetişdirilen pagta hasylyny gysga wagtda ýygnap almak boýunça
degişli işler alnyp barylýar. Hasyly pagta arassalaýjy kärhanalarda gaýtadan
işlemek, ýygym möwsüminde ulanylýan kombaýnlary we beýleki tehnikalary netijeli
işletmek babatda zerur çäreler geçirilýär. Geljek ýylyň hasyly üçin bugdaý
ekişi dowam edýär. Ekişde ulanylýan oba hojalyk tehnikalaryny öndürijilikli
işletmäge aýratyn üns berilýär. Ekiş geçirilen meýdanlarda gögeriş suwy
tutulýar. Şeýle hem wise-premýer oktýabr aýynyň soňky ýekşenbesinde Türkmen
alabaýynyň baýramy mynasybetli geçiriljek dabaraly çärelere görülýän taýýarlyk
işleri barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalyk
pudagyny toplumlaýyn ösdürmek boýunça işleri dowam etdirmegiň, bugdaý ekişini
bellenen möhletlerde we talabalaýyk alyp barmagyň, pagta ýygymy möwsümini
guramaçylykly geçirmegiň möhümdigine ünsi çekdi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz
wise-premýere Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli geçiriljek çärelere gowy
taýýarlyk görmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary
B.Annamämmedow «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň garamagyndaky önümçilik
kärhanalaryny has-da döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada
hasabat berdi.
Soňra wise-premýer hasabatyny dowam etdi. Bellenilişi
ýaly, ýurdumyzyň himiýa senagat desgalaryny döwrebaplaşdyrmak boýunça netijeli
işler durmuşa geçirilýär. Bu işler dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalary bilen
hyzmatdaşlykda amala aşyrylýar.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, himiýa
senagatynyň önümçilik kärhanalaryny doly taslama kuwwatynda işlemegini
gazanmagyň möhümdigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz
wise-premýere «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň önümçilik kärhanalarynyň
durkuny täzelemek we döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işleri netijeli
dowam etdirmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Atagulyýew
Germaniýanyň Frankfurt şäherinde Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň günlerini
geçirmek boýunça görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, forumda ýurdumyzyň nebitgaz we himiýa
senagaty pudaklarynda maýa goýum taslamalary, häzirki zaman oba hojalyk
tehnologiýalary, dokma senagatyndaky innowasiýalar, saglygy goraýyş we derman
senagaty ulgamynyň ösüşi, şol sanda Arkadag şäheriniň lukmançylyk klasteri
bilen tanyşdyrmak göz öňünde tutulýar. Forumyň çäklerinde ikitaraplaýyn
duşuşyklaryň guralmagy, işewürlik hyzmatdaşlygyna degişli resminamalara gol
çekilmegi meýilleşdirilýär. Häzirki wagtda bu foruma gatnaşmak üçin
Germaniýanyň dürli ugurlarda iş alyp barýan edara-guramalarynyň,
kompaniýalarynyň 50-den gowragy hasaba alyndy.
Wise-premýer Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň günlerini
ýokary derejede geçirmek maksady bilen, oňa ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň
pudaklarynyň, bank edaralarynyň, «Arkadag Medisina Klasteri Menejment»
kärhanasynyň, Söwda-senagat edarasynyň ýolbaşçylarynyň, Senagatçylar we
telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň gatnaşmaklarynyň göz öňünde
tutulýandygyny aýdyp, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklipleri
hödürledi.
Döwlet Baştutanymyz wise-premýere söwda-ykdysady
gatnaşyklary mundan beýläk-de giňeltmek maksady bilen, Germaniýa Federatiw
Respublikasynda Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň günlerini ýokary derejede
geçirmäge gowy taýýarlyk görmegi we ony ýokary derejede geçirmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Seýidowa
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň
teatrlarynda geçiriljek «Hemişelik Bitaraplyk — dost-doganlyk binýady» atly
hepdelige görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, şu
ýylyň dekabrynda geçiriljek hepdeligiň çäklerinde teatrlarda daşary ýurtly
nusgawy awtorlaryň eserleri esasynda ozal sahnalaşdyrylan sahna eserleri bilen
bir hatarda, täze sahna oýunlarynyň birnäçesiniň ilkinji görkezilişini
halkymyza hödürlemek meýilleşdirilýär. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer
döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, wise-premýere
ýurdumyzyň teatrlarynda «Hemişelik Bitaraplyk — dost-doganlyk binýady» atly
hepdeligi ýokary derejede geçirmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary
B.Orazdurdyýewa «Türkmenistanda ýokary hünär bilimini ösdürmegiň 2026 —
2052-nji ýyllar üçin Strategiýasynyň» hem-de ony tassyklamak hakynda Kararyň
taslamalary barada hasabat berdi.
Nygtalyşy ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň 2024-nji ýylyň
24-nji sentýabrynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde beren
tabşyrygy esasynda şu Strategiýanyň hem-de ony amala aşyrmak boýunça ýerine
ýetirilmeli çäreleriň 2026 — 2030-njy ýyllar üçin meýilnamasynyň taslamalary
işlenip taýýarlanyldy. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet
Baştutanymyzyň garamagyna degişli resminamalaryň taslamalaryny hödürledi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, «Türkmenistanda
ýokary hünär bilimini ösdürmegiň 2026 — 2052-nji ýyllar üçin Strategiýasyny
tassyklamak hakynda» Karara gol çekdi we wise-premýere degişli tabşyryklary
berdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary,
daşary işler ministri R.Meredowa söz berildi.
Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiziň we Gahryman
Arkadagymyzyň ýakyndan goldaw bermeginde şu ýylyň awgustynda «Awaza» milli
syýahatçylyk zolagynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler
boýunça üçünji maslahaty üstünlikli geçirildi. Şunuň bilen baglylykda,
wise-premýer, daşary işler ministri bu halkara forumyň syýasy taýdan wajyplygy
we onuň netijeleriniň tutuş dünýä üçin uly ähmiýeti göz öňünde tutulyp, 14-nji
oktýabrda ABŞ-nyň Nýu-Ýork şäherinde BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji
sessiýasynyň 18-nji plenar mejlisinde «Awaza syýasy Jarnamasy» atly
Kararnamanyň biragyzdan kabul edilendigi baradaky hoş habary aýtdy. Ol
pursatdan peýdalanyp, hormatly Prezidentimizi hem-de Gahryman Arkadagymyzy bu
şanly waka bilen tüýs ýürekden gutlady.
Hormatly Prezidentimiz Bitarap Watanymyzyň ählumumy
parahatçylygy gorap saklamak, özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmek ugrunda
edýän tagallalarynyň bütin dünýäde giň goldaw tapýandygyny, BMG-den gelip
gowşan hoş habaryň hem muny aýdyň görkezýändigini belledi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary
işler ministri R.Meredow hasabatyny dowam edip, «Türkmenistan — Birleşen
Milletler Guramasy» strategik maslahat beriş geňeşiniň çäklerinde alnyp
barylýan hyzmatdaşlyk barada hasabat berdi.
Mejlisiň gün tertibine möhüm meseleleriň birnäçesi
girizildi. Şunuň bilen birlikde, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna «Türkmenistan
— Birleşen Milletler Guramasy» strategik maslahat beriş geňeşiň dördünji
mejlisinde öňe sürlen teklipler hödürlenildi.
Türkmenistanda Durnukly ösüş maksatlary boýunça
hasabatlylygy berkitmek baradaky «Ýol kartasyny» ýerine ýetirmek maksady bilen,
degişli döwlet edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, BMG-niň
wekilhanalarynyň işgärleriniň gatnaşmagynda okuw maslahatyny şu ýylyň oktýabr
aýynyň soňky hepdesinde guramak teklip edildi. Şunuň bilen bir hatarda,
ýurdumyzyň we BMG-niň wekilleriniň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Birleşen
Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynda ileri tutýan
garaýyşlaryny durmuşa geçirmek boýunça bilelikdäki hereketleriniň
Maksatnamasyny taýýarlamak, BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan
döwletler boýunça üçünji maslahatynyň netijeleri boýunça kabul edilen resminamalary
durmuşa geçirmek babatda milli «Ýol kartasyny» işläp düzmek teklip edilýär.
BMG-niň ýurdumyz bilen bilelikde amala aşyrylmagy meýilleşdirilýän
maksatnamalaryny we taslamalaryny ulgamlaýyn esasda ara alyp maslahatlaşmak,
olaryň netijeliligini artdyrmak maksady bilen, pudagara utgaşdyryjy topary
döretmek hem-de onuň ilkinji mejlisini şu ýylyň noýabr aýynda geçirmek teklip
edildi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, «Türkmenistan —
Birleşen Milletler Guramasy» strategik maslahat beriş geňeşiniň çäklerinde
alnyp barylýan hyzmatdaşlygy dowam etdirmegiň möhümdigine ünsi çekdi. Şunuň
bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz hödürlenen teklipleri goldap,
wise-premýer, daşary işler ministrine degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Çakyýew
milli deňiz we derýa ulaglary pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny yzygiderli
pugtalandyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bellenilişi
ýaly, bu işleriň çäklerinde gämileri abatlamaga we olaryň maddy-enjamlaýyn
binýadyny gowulandyrmaga möhüm ähmiýet berilýär. Bu babatda degişli taslamanyň
durmuşa geçirilmegi täze önümçilik kuwwatlyklarynyň kemala getirilmegini, ýerli
senagaty döwrebap enjamlar bilen üpjün etmegi göz öňünde tutup, milli deňiz we
derýa ulaglary ulgamynyň ösüşine, gämigurluşyk hem-de abatlaýyş işleriniň
kämilleşdirilmegine, ýurdumyzyň senagat kuwwatynyň artmagyna uly goşant bolar.
Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli
teklipleri hödürledi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, «Derýaýollary»
açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmäge
gönükdirilen teklibi makullap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.
Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm
meselelere seredildi we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.