Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe
ýurduň bilim edaralarynyň abraýyny has-da ýokarlandyrmak, ýokary hünär bilimi
ulgamynyň halkara derejede bäsdeşlige ukyplylygyny üpjün etmek, ýokary okuw
mekdepleriniň ulgamlaýyn ösüşini we dolandyrylyşyny kämilleşdirmek maksady
bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, «Türkmenistanda
ýokary hünär bilimini ösdürmegiň 2026 — 2052-nji ýyllar üçin Strategiýasy»
hem-de şu Strategiýany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň 2026
— 2030-njy ýyllar üçin meýilnamasy tassyklanyldy.
Bilim ministrligine, degişli ministrliklere we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna Strategiýada bellenen çäreleriň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek tabşyryldy.