Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow
ýurdumyza sapar bilen gelen Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministriniň
orunbasary, Hökümet Diwanynyň ýolbaşçysy Galymžan Koýşybaýewi kabul etdi.
Myhman türkmen topragynda mähirli kabul edilendigi üçin
hoşallyk bildirip, türkmen-gazak gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga uly goşant
goşýan hormatly Prezidentimize hem-de Gahryman Arkadagymyza Gazagystan
Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň mähirli salamyny we iň gowy
arzuwlaryny ýetirdi.
Döwlet Baştutanymyz dostlukly ýurduň Hökümetiniň
Başlygynyň orunbasaryny mähirli mübärekläp, Prezident Kasym-Žomart Tokaýewe iň
gowy arzuwlaryny beýan etdi hem-de Türkmenistanyň Gazagystan Respublikasy bilen
hyzmatdaşlygy giňeltmäge uly ähmiýet berýändigini belledi. Ikitaraplaýyn
gatnaşyklar syýasy diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda
ösdürilýär. Şunuň bilen baglylykda, syýasy dialogyň işjeň ilerledilýändigi
aýdyldy. Hormatly Prezidentimiz ýokary döwlet derejesindäki yzygiderli
gatnaşyklaryň hyzmatdaşlygy toplumlaýyn ösdürmegiň ugurlaryny kesgitlemekde
möhüm şert bolup durýandygyna ünsi çekip, Türkmenistanyň Gazagystan bilen
mundan beýläk-de ynanyşykly dialoga ygrarlydygyny tassyklady.
Myhman Gazagystanda Türkmenistan bilen däp bolan
dostlukly gatnaşyklara ýokary baha berilýändigini aýdyp, ýurdumyzyň hemişelik
Bitaraplyk hukuk derejesine esaslanýan daşary syýasatynyň sebitde parahatçylygy
we durnukly ösüşi pugtalandyrmakda möhüm ähmiýete eýedigini belledi. Duşuşygyň
dowamynda nygtalyşy ýaly, söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk ikitaraplaýyn
gatnaşyklaryň gün tertibinde aýratyn orny eýeleýär. Ulag we logistika
ulgamlarynda hyzmatdaşlyk, halkara ulag geçelgeleri, hususan-da, Demirgazyk —
Günorta ugry boýunça ulag geçelgeleriniň ösdürilmegi söwda-ykdysady
gatnaşyklary pugtalandyrmaga ýardam berýär. Sanlylaşdyrmak, infrastruktura we
innowasiýalar, «ýaşyl» ykdysadyýet, daşky gurşawy goramak ýaly ulgamlar
türkmen-gazak hyzmatdaşlygynyň geljegi uly ugurlarynyň hatarynda görkezildi.
Şunuň bilen birlikde, medeni-ynsanperwer ulgamdaky hyzmatdaşlygy ösdürmäge
möhüm ähmiýet berilýändigi bellenildi. Bu ugurdaky gatnaşyklar iki ýurduň
doganlyk halklaryny has-da ýakynlaşdyrmaga we medeniýetleri özara baýlaşdyrmaga
ýardam berýär. Ony ösdürmekde Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk
boýunça hökümetara türkmen-gazak toparyna möhüm orun degişlidir.
Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary, Hökümet Diwanynyň ýolbaşçysy Galymžan Koýşybaýewiň ýurdumyza saparynyň dowamynda geçirjek gepleşikleriniň we duşuşyklarynyň netijeleriniň özara bähbitli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmäge täze itergi berjekdigine ynam bildirip, oňa işinde üstünlikleri arzuw etdi.