Bitaraplyk – Watan goragçylary üçin harby sungatyň pederlerden miras galan milli akyl-paýhas akabasydyr. Ine, şu akabanyň gözbaşynda bolsa milletbaşymyz Oguz han Türkmeniň milli döwletliligiň mizemejek berk binýady bolan parahatçylyk baradaky parasatly wesýetleri durandyr. Muňa hormatly Prezidentimiziň baý many-mazmunly, çuň pelsepeli paýhaslara eýläp, aňrybaş pikir giňişliginde döreden «Mertler Watany belgeldýär» atly kämil kitabyny okanyňda-da anyk-aýdyň göz ýetirýärsiň. Bu ajaýyp kitaby her gezek gaýtadan okanyňda, özüň üçin öň üstünden barylmadyk täze bir zady açýarsyň. Okadygyňça, bu gymmatly kitap seni edil arşa göteren dek, akyl-paýhas we ylmy gözýetim belentliklerine sary äkidýär. Onsoň sen türkmen halkynyň çyn watançylygy, beýik ynsanperwerligi, taryhyň gatlaryndaky şöhratly galkynyşlary, synmaz ruhy, şol ruhdan kemal tapan türkmen gerçekleriniň gaýduwsyzlyk, mertlik, batyrlyk ýaly özboluşly bir aýratynlyga eýe bolan milli gylyk-häsiýetleri barada çynlakaý oýlanyşlara iterýän paýhaslar bilen ikiçäk galyp, dürli pikir-garaýyşlaryň jümmüşine aralaşýarsyň. Çünki, Belent Serkerdebaşymyzyň «Mertler Watany belgeldýär» atly mukaddes kitabynda türkmenleriň harby taryhynyň Türkmenistanyň Bitaraplygyny öwrenmekden başlanýandygynyň tötänleýin däldigini beýan edip, özüniň bu babatdaky çuň pelsepeli ylmy teswirlerini milletbaşymyz Oguz han Türkmen bilen baglanyşdyrmagynyň özi okyjy üçin diýseň özüne çekijidir. Hakykatdan-da, milli Liderimiziň gürrüňi edilýän täsin kitabynda belläp geçişi ýaly, Oguz han atamyzyň agzybir hem jebis ilinden çykan kämil goşuny bilen ýöriş edip baran ýurdunda gyrgynçylyk, paýhynlamak maksadyna gulluk etmän, eýsem, diňe asuda hem parahat durmuşyň, erkana ýaşaýşyň hatyrasyna öz pikirlerini we tekliplerini beýan edip, adalatly iş alyp barmaklyk ýaly beýik ynsanperwerligiň nusgalyk häsiýetini özünde jemländigi baradaky taryhy hakykat ýurdumyzyň baky Bitaraplyk derejesiniň hukuk ýagdaýynyň düýp mazmun esasyny düzýär. Munuň özi bolsa milletbaşymyz Oguz han Türkmeniň pähim-paýhasa ýugrulan parasatly wesýetleriniň öz nesilleri tarapyndan döwleti edara etmekligiň kämil hukuk binýady deregine saýlanyp alnyp, türkmençilik ýörelgesi hökmünde biziň häzirki döwrümize çenli gelip ýetendigine şaýatlyk edýär. Çünki, parahatçylyk, ynsanperwerlik, adalatlylyk ýaly beýik taglymatlardan gözbaş alýan türkmençilik ýörelgesini türkmen halkynyň Gerçeklik mekdebinde tälim alyp kemala gelen Togrul beg, Çagry beg, Alp Arslan, Mälik şa, Soltan Sanjar, Jelaleddin Meňburun, Görogly beg, Baýram han, Keýmir kör, Gowşut han ýaly belent mertebeli şahsyýetleri özleriniň harby syýasatlarynyň baş maksadyna öwrüpdirler. Hut şu nukdaýnazardan-da, hormatly Prezidentimiz Garaşsyzlygymyzy alan ilkinji günümizden başlap harby güýçlerimizi milli Ýaragly güýçlere öwürmekligiň esasynda ýurdumyzyň Bitaraplyk derejesiniň goýulmagynyň ýöne ýerden däldigini örän jaýdar belleýär. Şöhratly taryhymyzyň bu aýdyň hakykatlarynyň Gahryman Arkadagymyzyň «Mertler Watany beýgeldýär» atly ajaýyp kitabynda milli buýsanç bilen öwran-öwran nygtalmagy biz türkmen ýaşlarynyň ruhuny galkyndyryp, kalbyny täsin duýgulara gaplaýar, beýik pederlerimiziň gerçeklik mekdebinde geçen kämillik ýoluny özümizde terbiýelemäge diýseň uly ymtylyş döredýär. Ana, şol pille seniň kalbyňa türkmen ýigidi bolup dünýä ineniňe bolan milli buýsanç aralaşyp başlaýar.
Toýly Jänädow,
Mary welaýatynyň Mary etrabynyň ýaşaýjysy, maýyp.