29-njy oktýabrda Maslahat köşgünde
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly
Berdimuhamedow milli parlamentiň häzirki döwürde ýerine ýetirýän işleriniň
netijelerine, ýurdumyzyň Bitaraplyk derejesine esaslanýan daşary syýasatyna we
parlamentara gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek boýunça öňde durýan
meselelere bagyşlanan mejlisi geçirdi. Oňa Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň
hem-de Mejlisiniň ýolbaşçylary we agzalary, birnäçe düzümleriň ýolbaşçylary
gatnaşdylar.
Türkmenistanyň parahatçylyk döredijilikli daşary syýasy
strategiýasyna laýyklykda, parlament diplomatiýasynyň netijeli gurallaryny we
usullaryny ösdürmäge, dostlukly ýurtlaryň degişli düzümleri bilen hyzmatdaşlygy
netijeli alyp barmaga uly ähmiýet berilýär. Hormatly Arkadagymyz parlamentara
gatnaşyklary ösdürmek boýunça täze başlangyçlary öňe sürmegiň, parlamentara
dostluk toparlarynyň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmagyň zerurdygyny belläp,
özara gatnaşyklaryň esasy ugurlaryny kesgitlemek, şol sanda parlamentara
gatnaşyklaryň ugurlaryny artdyrmak, olary netijeli ulanmak meselelerine möhüm
ähmiýet berilmelidigini nygtady.