Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig
mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 77-si hasaba alyndy.
Daşary ýurt puluna BAE-niň, Türkiýäniň,
Owganystanyň we beýleki ýurtlaryň işewür toparlarynyň wekilleri Türkmenbaşydaky
nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen binýatlyk ýagy, az
kükürtli ýangyç mazudyny satyn aldylar. «Türkmengaz» döwlet konserninde
öndürilen dürli görnüşli polietilen we polipropilen önümleri hem-de
«Türkmenhimiýa» döwlet konserninde öndürilen karbamid döküni Russiýanyň,
Şweýsariýanyň, Gonkongyň, Omanyň, Owganystanyň, Özbegistanyň we beýleki
ýurtlaryň telekeçileriniň geleşikleriniň esasyny düzdi.
Bulardan başga-da, daşary ýurt puluna nah
ýüplügi hem-de buýan köküniň gury galyndysyny Beýik Britaniýadan, BAE-den,
Türkiýeden, Serbiýadan, Pakistandan, Azerbaýjandan gelen işewürler satyn
aldylar.
Geleşikleriň
jemi bahasy ABŞ-nyň 51 million 698 müň dollaryndan gowrak boldy.
Manat
serişdelerine Russiýanyň, Beýik Britaniýanyň, BAE-niň, Pakistanyň, Ermenistanyň
telekeçileri nah ýüplük we el haly önümlerini satyn aldylar. Geleşikleriň jemi
bahasy 9 million 732 müň manatlykdan gowrak boldy.
Ýurdumyzyň
telekeçileri içerki bazar üçin «Türkmengaz» döwlet konserninde öndürilen 43
million 631 müň manatlykdan gowrak ýokary dykyzlykly polietilen, şeýle hem
pagta lintini satyn aldylar.