19.01.2021 Русский язык Türkmen dili
Milli goşun
Türkmenistan - Rowaçlygyň Watany
Birža täzelikleri
Birža täzelikleri
11.01.2021 48 Habarlar

Geçen hepdede Türkmenistanyň haryt-çig mal biržasyndaky söwdalarda gedeşikleriň 27-si baglaşyldy.

Gonkongdan, Owganystandan, Özbegistandan gelen işewürler daşary ýurt puluna Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen uçar hem-de yşyklandyryş kerosinini, şeýle hem ulag benzinini satyn aldylar.

Mundan başga-da, daşary ýurt puluna nah-ýüplük, buýan köki ýerlenildi. Satyn alan ýurtlar: Russiýa, ABŞ, Hytaý, BAE, Türkiýe, Azerbaýjan. Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 4 million 908 müň dollaryndan gowrak boldy.

Birleşen Arap Emirlikleriniň, Şotlandiýanyň, Päkistanyň we Gazagystanyň işewürler toparlarynyň wekilleri manat serişdelerine nah ýüplük satyn aldylar. Geleşikleriň umumy bahasy 26 million 984 müň manatlykdan gowrak boldy.

Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin 2 million 405 müň manatlykdan gowrak mäş hem-de pagta süýümini satyn aldylar.