milli goshun logo
Birža täzelikleri
Birža täzelikleri
01.03.2021 520 Habarlar

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 7-si hasaba alyndy.

Daşary ýurt puluna daşary döwletleriň işewür toparlarynyň wekilleri nebithimiýa önümlerini, hususan-da, Birleşen Arap Emirlikleriniň işewürleri Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen uçar kerosinini hem-de awtobenzini, owganystanly telekeçiler bolsa «Türkmengaz» döwlet konserninde öndürilen suwuklandyrylan gazy satyn aldylar. Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 17 million 281 müň dollaryndan gowrak boldy.

Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin umumy bahasy 3 million 390 müň manatlykdan gowrak Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen soekstruzion polipropilen plýonkasyny hem-de pagta süýümini satyn aldylar.