milli goshun logo
Birža täzelikleri
Birža täzelikleri
17.08.2020 1216 Habarlar

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 31-si hasaba alyndy.

Daşary ýurt puluna Russiýanyň, ABŞ-nyň, BAE-niň, Omanyň, Gazagystanyň hem-de Owganystanyň telekeçileri Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen awiakerosini, gidrousulda arassalanan dizel ýangyjyny we dizel ýangyjyny hem-de «Türkmengaz» döwlet konserninde öndürilen polietileni we ýokary dykyzlykdaky polietileni satyn aldylar.

Mundan başga-da, Russiýa Federasiýasynyň, Gyrgyzystanyň we Azerbaýjanyň işewür toparlarynyň wekilleri daşary ýurt puluna jinsi matalaryny we nah ýüplügi satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 19 million 693 müň dollaryndan gowrak boldy.

Manat serişdelerine Türkiýäniň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň we Pakistanyň işewürleri jemi bahasy 3 million 696 müň manatdan gowrak nah ýüplügi satyn aldylar.

Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin «Türkmengaz» döwlet konserninde öndürilen ýokary dykyzlykdaky polietileni, şeýle-de pagta süýümini satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy 1 million 649 müň manatlykdan gowrak boldy.