Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig
mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 72-si hasaba alyndy.
Daşary ýurt puluna Birleşen Arap
Emirliklerinden, Şotlandiýadan, Owganystandan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky
nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen awtobenzini,
suwuklandyrylan gazy, nebit ýol bitumyny satyn aldylar. Russiýadan we beýlekilerden
gelen täjirler ýokary dykyzlykdaky polietileni, şeýle hem «Türkmenhimiýa»
Döwlet konserninde öndürilen karbamidi satyn aldylar.
Bulardan başga-da, daşary ýurt puluna düz
boýalan we tüýjümek önümler, jinsi matalar, nah ýüplük ýerlenildi. Satyn alan ýurtlara
Russiýa, BAE, Türkiýe, Azerbaýjan, Gyrgyzystan degişlidir. Geleşikleriň umumy
bahasy ABŞ-nyň 37 million 334 müň dollaryndan gowrak boldy.
Manat serişdelerine Birleşen Arap
Emirliklerinden, Pakistandan, Owganystandan, Ermenistandan gelen işewür toparlaryň
wekilleri jemi bahasy 17 million 850 müň manatdan gowrak bolan el halylaryny,
buýan köküniň şiresini hem-de nah ýüplügi satyn aldylar.
Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin
jemi bahasy 8 million 380 müň manatdan gowrak ýokary dykyzlykdaky polipropileni
we polietileni («Türkmengaz» DK) we pagta süýümini satyn aldylar.