Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk
döwründe Türkmenistanyň Prezidentiniň bilim syýasatyny durmuşa geçirmek, ýaş
nesillerimiziň döwrebap bilim-terbiýe almagy we innowasion tehnologiýalardan
baş çykarýan, giň gözýetimli hünärmenler bolup ýetişmegi üçin amatly şertleri
döretmek, şeýle hem ýurdumyzyň umumy orta bilim berýän mekdeplerine 2020 —
2021-nji okuw ýylynda 1-nji synpa okuwa kabul edilýän okuwçylara kompýuterleri
sowgat bermek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.
Resminama laýyklykda, Bilim ministrligine Türkmenistanda öndürilen 159 374 sany
kompýuteri satyn almak, 2020-nji ýylyň 25-nji awgustyna çenli bilim
edaralarynda gurnamak hem-de olara tehniki hyzmat etmek barada “Agzybirlik
tilsimaty” bilelikdäki kärhanasy bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi.