Hormatly halkara maslahata gatnaşyjylar!
Gadyrly myhmanlar!
Sizi «Beýik Ýüpek ýolunyň mirasy we häzirki zaman halkara
gatnaşyklary» atly halkara ylmy maslahatyň öz işine başlamagy, şeýle hem ýetip
gelen Halkara Bitaraplyk güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.
2018-nji ýylyň «Türkmenistan - Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi»
diýlip yglan edilmegi bilen şu günki halkara maslahatyň gün tertibiniň mazmun
taýdan umumylygy hem çuňňur mana eýedir. Adamzat taryhynyň aýrylmaz bölegi
bolan Beýik Ýüpek ýolunyň parahatçylyk we howpsuzlyk ýörelgeleri häzirki
döwürde dünýä ýüzünde parahatçylygy we howpsuzlygy berkitmekde wajyp ähmiýete
eýedir. Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda emele gelen ägirt uly ruhy miras dürli
medeniýetleriň ýakynlaşmagyny, açyklygy we özara ynanyşmagy aňladýar. Şu
nukdaýnazardan, halkara gatnaşyklarda bitaraplyk syýasaty bu ýörelgeleri berjaý
etmegiň hakyky nusgasy bolup durýar.
Bitaraplyk syýasatynyň özeni bolup durýan parahatçylyk
söýüjiligiň we ynsanperwerligiň belent nusgalaryny özünde jemleýän diplomatik
usullar we çemeleşmeler, döwrüň synagyndan üstünlikli geçmek bilen, halkara
gatnaşyklaryň barha kämilleşýän gurallarynyň toplumyny emele getirýärler.
Bitarap Türkmenistanyň halkara gatnaşyklarda toplan
tejribesi we iş ýüzünde alyp barýan daşary syýasaty munuň aýdyň subutnamasy
bolup durýar.
Türkmenistanyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler
Guramasynyň senenamasynda dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan her ýylyň 12-nji
dekabrynyň Halkara Bitaraplyk güni hökmünde bellenilmegi hem halkara
gatnaşyklarda bitaraplyk syýasatynyň dabaralanmagynyň aýdyň subutnamasydyr.
Umumadamzat tejribesiniň altyn hazynasynda mynasyp orun alan
we dünýä döwletlerini syýasy, ykdysady we medeni gatnaşyklar bilen
baglanyşdyran Beýik Ýüpek ýoluna biz şol bir wagtyň özünde türkmen halkynyň hem
taryhy mirasy hökmünde garaýarys. Gadymy türkmen topragy, hakykatda, Beýik
Ýüpek ýolunyň hereketlendiriji güýji bolmak bilen, Aziýa we Ýewropa yklymlaryny
birleşdiriji köpri bolup hyzmat edipdir. Häzirki döwürde ady rowaýata öwrülen
bu gadymy ýol täze görnüşde dikeldilýär, döwletleriň we halklaryň arasynda
söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer gatnaşyklary berkitmek ýörelgelerini
özünde jemleýär.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe pajarlap ösüşiň
nyşany bolan milli we giň halkara ähmiýetli ulag-aragatnaşyk, energetika, suw
üpjünçiligi, senagat desgalary Türkmenistanyň ykdysady kuwwatyny aňlatmak bilen
birlikde, ählumumy parahatçylygyň we durnukly ösüşiň hatyrasyna alnyp barylýan
halkara hyzmatdaşlygyň täze belent sepgitlerini görkezýär.
Türkmenistan Ýewraziýa giňişliginde halkara ulag ulgamynyň
sazlaşykly ösüşini üpjün etmek maksady bilen, «Gündogar — Günbatar» we
«Demirgazyk — Günorta» halkara ulag geçelgeleriniň çäklerinde awtomobil we
demir, howa hem-de deňiz ýollarynyň ulgamlaýyn toplumyny döredýär. Munuň özi
Ýewropa we Aziýa, Günorta Aziýa we Pars aýlagy ýurtlaryna amatly hem-de gysga
geçelgäni üpjün edýär we sebitiň halklarynyň bähbitlerine laýyk gelýär. Bu
bolsa Beýik Ýüpek ýoluny häzirki döwürde ösdürmek maksady bilen amala aşyrylýan
ägirt uly işleriň aýdyň nyşany bolup durýar.
Hormatly maslahata gatnaşyjylar!
Gadyrly myhmanlar!
Türkmenistan häzirki zamanyň döwrebap iri logistik we
üstaşyr merkezi bolmak bilen, serhetüsti söwda ýollarynyň möhüm çatrygy
hökmünde daşary ýurtly maýadarlaryň ünsüni özüne çekýär. Bu bolsa daşary ýurt
maýa goýumlaryny çekmekde uly ähmiýete eýedir. Beýik Ýüpek ýolunyň häzirki
zaman görnüşinde Türkmenistanyň başlangyçlary we tutanýerli işleri esasynda
kemala gelýän energiýa geçirijileri hem mynasyp orny eýeleýär. Olary ählumumy
durnukly ösüşiň aýrylmaz şerti bolan energiýa howpsuzlygynyň häzirki zaman
binýadyny döretmek boýunça tagallalara Türkmenistanyň uly goşandy hökmünde
görkezip bolar.
Adamzat jemgyýetiniň söwda-ykdysady taýdan ösüş
basgançagynyň nyşany bolan Beýik Ýüpek ýoly şol bir wagtda medeni ösüşi hem
üpjün etmek bilen, onuň ugrunda ýerleşen halklaryň we ýurtlaryň dostlukly we
hoşniýetli gatnaşyklaryna giň ýol açypdyr. Netijede, halkara gatnaşyklaryň
ösmegine, aýratyn hem, Gündogaryň we Günbataryň arasynda durnukly hyzmatdaşlygy
ýola goýmaga şert döredipdir. Bu ugurda Türkmenistan özüniň baý taryhy mirasyna
we milli ýörelgelerine daýanmak bilen, medeniýetleriň özara baýlaşmagyna we
bütin adamzat üçin parahatçylygyň we durnukly ösüşiň binýadyny berkitmäge
mynasyp goşant goşýar. Biziň döwletimiziň parahatçylyk dörediji we sebitiň iri
medeni merkezi hökmünde ykrar edilmegi Beýik Ýüpek ýolunyň gadymy türkmen
topragynyň üstünden geçen ugurlaryndaky taryhy ýadygärlikleri dikeltmek boýunça
giň gerimli işler bilen has-da berkidilýär.
Hormatly maslahata gatnaşyjylar!
Gadyrly myhmanlar!
Şu günki maslahatyň gün tertibiniň çäklerinde özara pikir
alyşmalaryň we tejribeleri paýlaşmagyň işjeň häsiýetli boljakdygyna, şunuň
bilen birlikde, medeni we taryhy mirasy hemmetaraplaýyn öwrenmegiň ylmy-usuly
esaslarynyň has-da baýlaşdyryljakdygyna berk ynanýaryn.
Sizi «Beýik Ýüpek ýolunyň mirasy we häzirki zaman halkara
gatnaşyklary» atly halkara ylmy maslahatyň öz işine başlamagy hem-de Halkara
Bitaraplyk güni bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn.
Size berk jan saglyk, uzak ömür, bagtyýar we abadan durmuş,
alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin.
Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW