22.06.2021 Русский язык Türkmen dili
Milli goşun
Türkmenistan - Rowaçlygyň Watany
Beýik Ýeňşiň şanyna: şekillendiriş sungaty muzeýindäki sergi
Beýik Ýeňşiň şanyna: şekillendiriş sungaty muzeýindäki sergi
09.05.2021 97 Habarlar

Şekillendiriş sungaty muzeýinde türkmen suratkeşleriniň Beýik watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşe bagyşlanan işleriniň sergisi açyldy.

Bölümleriň birinde şol ýowuz ýyllaryň wakalaryny yzygiderli suratlandyrýan şekillendiriş işleri görkezilýär. Ekspozisiýa babyny Ýuliý Daneşwaryň «Goşuna çagyryş» atly suraty açýar. Bir oral aýal pälwansypat, görmegeý iki ogluny çagyryş punktyna getiripdir. Enäniň watanperwerligi tomaşaçyda çäksiz hormat oýarýar.

Ine, ahyrsoňy uzak garaşylan Ýeňiş Güni ýetip geldi! Bu baýram aýratyn gymmatly we ähmiýetli çuň manysyny we beýikligini adamzat taryhyndaky iň gandöküşikli uruş gutaranyndan 76 ýyldan soň, biziň günlerimizde-de ýitirenok.