Dowamly çap edilýän «Beýik özgertmeleriň ýyl ýazgysy» neşiriniň 13-nji goýberilişi çapdan çykdy, onda «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» diýen şygar bilen geçirilen 2019-njy ýylda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň netijeli syýasy we guramaçylyk işini açyp görkezýän wakalar beýan edilýär.
«Beýik özgertmeleriň ýyl ýazgysy» neşiriniň 13-nji goýberilişi Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Baş arhiw müdirliginiň Türkmenistanyň Prezidentiniň arhiw gaznasy tarapyndan çapa taýýarlanyldy. Neşir publisistik häsiýete we ylmy aň-bilim ähmiýete eýedir.