Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Merkezi
serkerdeler öýünde 2022-nji ýylyň «Halkyň Arkadagly zamanasy» diýlip yglan
edilmegi mynasybetli dabaraly maslahat geçirildi.
Çykyş edenler Täze – 2022-nji
ýylyň zamanamyzyň synmaz ruhuny, beýik ösüşlerini aýdyň şöhlelendirýän belent
şygar bilen atlandyrylmagynyň mähriban halkymyzyň, Watan goragçylaryň
baýramçylyk ruhuny has-da belende göterip, bagtly zamanany esaslandyryp,
halkymyzy we Watanymyzy täze üstünliklere alyp barýan Gahryman Arkadagymyza
bolan belent hormat-sarpanyň aýdyň nyşanydygyny bellediler. Şeýle hem Täze
ýylyň şygary ýurdumyzyň asudalygyny üpjün edýän merdana harby gullukçylary täze
üstünliklere ruhlandyrýar. Munuň özi «Halkyň
Arkadagly zamanasy» ýylynyň ýurdumyz üçin iňňän uly ähmiýetli şanly wakalaryň,
ajaýyp üstünlikleriň ýyly boljakdygyna pugta ynam döredýändigini nygtadylar.
«Merdana nesiller», «Watançy», «Serhet owazlary»
aýdym-saz toparlarynyň we «Göreldeli» harby orkestriniň ussat aýdymçylarynyň
hem-de ezber sazandalarynyň hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň beýik
başlangyçlaryny, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüni, mukaddes harby
borjy wasp edip ýerine ýetiren joşgunly çykyşlary dabara gatnaşyjylaryň
watançylyk duýgusyny has-da belende göterdi.
Dabaraly maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylaryň
adyndan Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent
Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna Ýüzlenme kabul
edildi.
«Milli goşun».