Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda
Garaşsyzlygyň täze belentligi bolan Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe
ýurdumyzyň ykdysady, syýasy, medeni şol sanda bilim ulgamy beýik ösüşlere eýe
bolýar. Ak mermere beslenen Aşgabat şäherinde we
ýurdumyzyň welaýatlarynda obalardyr-şäherçelerinde täze-täze ylym-bilim
binalary, ýaşaýyş jaý toplumlary, halkara ülňülerine laýyklykda mekdepler,
çagalar baglary, dynç alyş merkezleri, şypahanalary, myhmanhanalary, sport we
sagaldyş toplumlary milli ruhda gurulýar. Bu bolsa Berkarar döwletimiziň
bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň bagtyýar halkynyň, şol sanda ýaş nesliň sagdyn,
berk bedenli, ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, döwrebap pikirlenip bilýän,
ruhubelent, ýokary ahlakly Watana wepaly ýaşlar bolup ýetişmegi üçin irginsiz
edilýän aladalaryň aýdyň subutnamasydyr.
Watanymyzda bagtyýar raýatlaryň hem-de ýaş nesiliň sagdyn durmuş
ýörelgesini dünýä ülňülerine laýyklykda ýaýbaňlandyrmak üçin bahasyna ýetip
bolmajak işler alnyp barylýar. Has dogrusy, «Siz, gadyrly çagalar, ajaýyp
mekdepleriň gapysyndan Watana, il-güne wepaly, zähmetsöýer, ýokary ahlakly
nesiller bolup çykmalysyňyz» diýen parasatly jümlesinden ugur alyp, ýurdumyzda
bilim ulgamy babatda şöhratly wakalar yzygiderli durmuşa ornaşdyrylýar.
Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzda bilim
ulgamynyň ugurlaryny giňeltmek, mazmunyny has-da çuňlaşdyrmak maksady bilen,
ylym-bilim edaralarynyň maddy-tehniki binýady pugtalandyrylýar. Ylym ojaklary,
şol sanda okuw mekdepleriň iň häzirki zaman kompýuterleri, multimedialary,
labaratoriýalary, lingofon enjamlary, mebel toplumlary bilen yzygiderli üpjün
edilýär.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda ýaşlaryň kämil
bilim almagy, öz saýlan hünäri boýunça ökde hünärmenler bolup ýetişmegi,
ylmy-tehniki gazanylanlardan doly baş çykarmagy üçin döwrebap şertler hem
döredilýär. Bu bolsa, kalby hyjuwly,
maksada okgunly we watansöýüji nesilleriň kemala gelmegine itergi berýär. Şeýle
ajaýyp mümkinçiliklerden ýerlikli peýdalanýan ýaşlarymyz halkara ýaryşlarynda
üstünlikli çykyş edip, eziz Watanymyzyň Tuguny has-da belende göterýärler.
Watan tugy. Watan tugrasy. Watan senasy. Watan ynamy. Watan – bu
biziň geçmişden geljege bolan ynamymyz, güýjümizdir. Watan – biziň
geljegimizdir. Eziz Watanymyzyň, ene topragymyzyň halal duzuny haklamak özüne
borç edinen ynsan üçin bu düşünjelerden, duýgulardan gymmatly hem mukaddes zat
ýokdur. Bu dogaýy jümleler Watan ogullarynyň hem gyzlarynyň aňyna ene süýdi,
ene hüwdüsi bilen ornandyr. Şonuň üçinem bu mukaddeslikler Watan aýdymy bolup,
her bir ynsanyň kalbynda müdimilik ýaňlanýar. Eziz Watanymyzyň at-abraýyny,
belent mertebesini arşa göterýän milli Liderimiziň janynyň sag, ömrüniň uzak,
il-ýurt bähbitli işleriniň hemişe rowaç bolmagyny arzuw edýäris!
Jennet
Çaryýewa,
Türkmenistanyň
Döwlet Medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň
«Bitaraplyk muzeýi» şahamçasynyň ylmy işgäri.