milli goshun logo
Behişdi bedewleriň waspy
Behişdi bedewleriň waspy
19.04.2022 1675 Habarlar

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň mugallymy, Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Döwletgeldi Akyýew döredýän ajaýyp eserleri bilen türkmen sungatyna önjeýli goşandyny goşýar. Suratkeş döredijiliginde çeper edebiýaty bezýän suratlary bilen bir hatarda, behişdi türkmen bedewleriniň gözelligini köp şekillendirýär. Onuň «Bedew», «Ganatly bedew», «Bedew rowaýaty» ýaly eserleri özboluşlylygy bilen tapawutlanýar. Grafikaçy suratkeş Osman Ödäýewiň «Altynjan hatyn», Öwez Gündogdyýewiň «Aziýanyň gerçekleri», Nyýazmyrat Nyýazlyýewiň «Gönübek», Jumageldi Mülkiýewiň «Seljuklar» ýaly kitaplarynyň çeper bezeglerinde-de bedewleriň tarypyny ýetirýär.

Mälim bolşy ýaly, ahalteke bedewleri geçmişde türkmen topragynda bolan taryhçylary, jahankeşdeleri diýseň haýran galdyrypdyr. Olaryň aglabasy öz ýazgylarynda ahalteke atlary hakynda gürrüň edenlerinde «Ganatly bedewler» diýen jümläni ulanypdyrlar. Bedewleriň şeýle ajaýyplyklaryny D.Akyýew «Ganatly bedew» atly eserine siňdiripdir.

Ussat suratkeşiň döredijiliginde iň şowly çykan eserleriniň biri hem «Bedew» atly işidir. Suratyň ýokarky sag burçunda gadymy Altaý daglarynyň Pazyryk depesinden tapylan Pazyryk halysyna salnan ahalteke bedewiniň keşbi öz beýanyny tapýar.

«Şägirt halypadan ozdurmasa, kär ýiter» diýlişi ýaly ussat suratkeşiň ajaýyp eserlerinden ruhlanyp, onuň şägirtleri hem birnäçe döredijilik eserlerinde türkmen ahalteke bedewiniň gözelligini çeper beýan etmek boýunça sergilere yzygiderli gatnaşyp, milli gymmatlyklarymyzy dünýä ýaýmakda öz goşandyny goşýarlar.

«Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda birnäçe döredijilik sergileriniň geçirilmegi ýaş suratkeşleriň barha kämilleşmegine itergi berdi. Döwlet çeperçilik akademiýasynyň Sergiler jaýynda Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli «Türkmeniň uçar ganaty» atly ahalteke atlarynyň gözelligini şekillendiriş we amaly-haşam sungaty eserlerinde, neşir önümlerinde, fotosuratlarda, teleýaýlymlarda çeper beýan etmek boýunça yglan edilen döredijilik bäsleşigine hödürlenen işleriň sergisinde Döwletgeldi Akyýewiň şägirtleri hem grafika eserleri bilen gatnaşýarlar. Olardan Döwlet çeperçilik akademiýasynyň talyplary Wepaly Gurtmyradowyň, Akmyrat Akyýewiň işlerinde ahalteke bedewlerimiziň owadanlygy, ýyndamlygy suratlandyrylan.

Guwanç Perdäýew,

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň

talyby.