milli goshun logo
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Balkan welaýatyna iş sapary
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Balkan welaýatyna iş sapary
13 sagat öň 11 Habarlar

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow dekabr aýynda ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanyp «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek «Häzirki zaman jemgyýetinde zenanlaryň orny: durnukly ösüşiň bähbidine halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek” atly halkara maslahata görülýän taýýarlyk işleriniň ýagdaýy bilen tanyşmak üçin Balkan welaýatyna iş saparyny amala aşyrdy. Gahryman Arkadagymyz bu ýerde 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli çäreleri ýokary derejede geçirmek boýunça hormatly Prezidentimiziň Permanyna laýyklykda döredilen, türkmen halkynyň Milli Lideri tarapyndan ýolbaşçylyk edilýän guramaçylyk döwlet toparynyň nobatdaky iş maslahatyny geçirdi.

Gahryman Arkadagymyz, ilki bilen, Hazaryň ajaýyp kenarynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň şahamçasynyň döredilmegi teklip edilýän ýere geldi.

Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň wise-prezidentleri R.Bazarowa we O.Atabaýewa ýüzlenip, halkara maslahatyň öňüsyrasynda gaznanyň şahamçasynyň açylyş dabarasyny ýokary derejede geçirmek babatda maslahatlaryny berdi.

Gahryman Arkadagymyz gaznanyň şahamçasynyň ýerleşjek binasynyň ýanaşyk ýerleriniň göwnejaý abadanlaşdyrylmagyna, bu künjekde gök zolaklaryň, bagy-bossanlygyň döredilmegine ähmiýet berilmelidigini belledi we bu işleriň talabalaýyk ýerine ýetirilmeginiň Awazanyň çäklerindäki ekologik ýagdaýyň has-da gowulanmagyna öz täsirini ýetirjekdigini aýtdy.

Soňra Milli Liderimiz «Häzirki zaman jemgyýetinde zenanlaryň orny: durnukly ösüşiň bähbidine halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek» atly halkara maslahatyň geçiriljek ýerine geldi. Güýz paslynyň ahyrky günlerinde Awazanyň çäginde bu künjegiň tebigy aýratynlyklary bilen sazlaşýan ajaýyp görnüşler emele gelipdir. Halkara forumyň geçiriljek binasynyň taýýarlyk derejesi, onuň ýanaşyk ýerleriniň abadançylygy Awazanyň gözelligi bilen bir bitewi sazlaşygy emele getirýär.

Hormatly Arkadagymyz halkara çäreleriň guramaçylyk derejesinde ýurdumyzyň ösüşleriniň, türkmen halkynyň döwletlilik ýörelgeleriniň öz beýanyny tapmalydygyna ünsi çekdi. Soňra binanyň içine girip, onuň enjamlaşdyrylyşy, toplumyň otaglarynda döredilen mümkinçilikler bilen tanyşdy. Bu ýerde döredilen şertleriň häzirki zaman talaplaryna we halkara ülňülere laýyk gelmegi forumyň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmeginde ähmiýetlidir. Şol bir wagtyň özünde bu ýerde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň alyp barýan işlerine, ýurdumyzda zenanlaryň zähmetine goýulýan sarpany şöhlelendirýän gymmatlyklar we maglumatlar görkezilmelidir.

«Giň möçberli sergide zenanlaryň jemgyýetiň ähli ulgamlaryna işjeň gatnaşýandygy bilen baglanyşykly görkezijiler öz beýanyny tapmalydyr. Munuň özi Diýarymyzda zenanlaryň durmuş derejesiniň yzygiderli gowulandyrylmagy ugrunda döwlet derejesinde edilýän aladanyň aýdyň güwäsine öwrülmelidir» diýip, Gahryman Arkadagymyz aýtdy. Hazaryň kenarynda «Häzirki zaman jemgyýetinde zenanlaryň orny: durnukly ösüşiň bähbidine halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek» atly halkara maslahatyň geçirilmegi we oňa gatnaşmaga isleg bildirýän döwletleriň hem-de abraýly halkara düzümleriň wekilçilik derejesi ýurdumyzda zenanlaryň zähmetine goýulýan hormatyň dünýä giňişliginde ykrar edilýändiginiň anyk delilidir.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy öňde boljak halkara çäreleriň ýokary guramaçylykda geçirilmeginiň uly ähmiýetiniň bardygyny nygtady. Munuň özi hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllyk baýramyny belleýän Türkmenistanyň dünýäniň syýasy giňişligindäki abraýynyň mundan beýläk-de belende galmagyny üpjün eder. Şu maksat bilen, ähli meýilleşdirilen çäreleriň anyk maksatnamalarynyň taýýarlanylmalydygyny, her bir çäräniň häzirki döwrüň talabyna laýyk derejedäki meýilnamasynyň düzülmelidigini aýdyp, Milli Liderimiz bu babatda degişli düzümleriň bilelikdäki tagallalarynyň ýola goýulmalydygyna ünsi çekdi.

Soňra Gahryman Arkadagymyz Balkan welaýatyna amala aşyran iş saparynyň jemini jemläp, Hökümet agzalarynyň we Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň wise-prezidentleriniň gatnaşmagynda guramaçylyk döwlet toparynyň nobatdaky iş maslahatyny geçirdi. Onda Milli Liderimiziň günbatar sebite iş saparynyň çäklerinde kesgitlenen wezipeleri ýerine ýetirmegiň ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Gahryman Arkadagymyz halkara çäreleri guramaçylykly geçirmek babatda ähli düzümleriň sazlaşykly işiniň ýola goýulmalydygyny, bu ugurda öňde durýan wezipeleriň ýerine ýetirilmegine örän jogapkärçilikli çemeleşilmelidigini nygtady.

Halk Maslahatynyň Başlygy ýurdumyzyň halkara çäreleri guramaçylykly geçirmek boýunça oňyn tejribe toplandygyny belläp, ähli çäreleriň guramaçylyk derejesine hemmetaraplaýyn esasda çemeleşilmelidigi babatda maslahatlaryny berdi.