Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk
Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Halkara
parahatçylyk we ynanyşmak ýyly hem-de hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30
ýyllyk baýramy mynasybetli çäreleri ýokary derejede geçirmek boýunça
guramaçylyk döwlet toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Şeýle-de Gahryman
Arkadagymyz paýtagtymyzda halkara çäreleriň geçiriljek binalarynyň taýýarlyk
derejesi bilen tanyşdy.
...Ir bilen Milli Liderimiz paýtagtymyzyň binagärlik
keşbi bilen bir bitewi sazlaşygy emele getirýän Bitaraplyk binasynyň ýanyna
geldi. Säheriň hoştap howaly çaglarynda bu künjegiň gözelligi ynsan ruhuna oňyn
täsir edýär. Gahryman Arkadagymyz şäheriň abadançylygyna, bezeg işlerine zerur
üns berilmelidigini belläp, meýilleşdirilen halkara çärelerde ýurdumyzyň
ösüşleriniň, türkmen halkynyň döwletlilik ýörelgeleriniň öz beýanyny
tapmalydygyna ünsi çekdi. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy bu ýerleriň
bezeg aýratynlyklaryna, onda ulanylýan gurluşyk serişdeleriniň berkligine zerur
üns berilmelidigini aýtdy. Şunda gök zolaklar talabalaýyk bolmalydyr we alnyp
barylýan abadanlaşdyryş işleri ýokary ekologik talaplara laýyk gelmelidir.
Hormatly Arkadagymyz Bitaraplyk binasynyň ýerleşýän ýeriniň
mukaddes künjege öwrülendigini, bu ýere ildeşlerimiziň we şäheriň myhmanlarynyň
ýygy-ýygydan gelýändiklerini kanagatlanma bilen belledi. Munuň özi halkymyzyň
Garaşsyz Watanymyzyň hemişelik Bitaraplyk derejesine bolan milli buýsanjynyň
aýdyň nyşanydyr. Milli Liderimiz Bitaraplygyň 30 ýyllygy mynasybetli guraljak
çäreleriň medeni maksatnamasynyň talabalaýyk derejede taýýarlanylmalydygyny
nygtady. Ähli çäreler ýurdumyzyň Bitaraplyk derejesine, hormatly
Prezidentimiziň baştutanlygynda amala aşyrylýan parahatçylyk söýüjilikli
syýasatyň ugurlaryna doly laýyk gelmelidir.
Soňra Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy
paýtagtymyzda alnyp barylýan abadanlaşdyryş işleriniň barşy bilen tanyşdy.
Gahryman Arkadagymyz paýtagtymyzyň arassaçylyk we
abadançylyk derejesiniň yzygiderli gözegçilikde saklanylmalydygyny aýdyp,
degişli ýolbaşçylara bu ugurda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli işleri häzirki
döwrüň ruhuna laýyklykda dowam etdirmek, Garaşsyz Watanymyzyň halkara abraýyny
mundan beýläk-de ýokarlandyrmak ugrunda kesgitlenen wezipeleri talabalaýyk
ýerine ýetirmek barada maslahatlaryny berdi.
Şäheriň ösüşinde paýtagtymyzyň ilatynyň bagtyýar durmuşy
öz beýanyny tapmalydyr. Şol bir wagtyň özünde ak mermerli Aşgabadyň halkara
giňişlikde wasp edilmegi ugrunda maksatnama taýýarlanylyp, onuň ýerine
ýetirilişine ähmiýet berilmelidir diýip, Milli Liderimiz nygtady.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy meýilleşdirilen
çäreleri guramaçylykly geçirmek boýunça döredilen mümkinçilikler bilen tanyşdy.
Halk Maslahatynyň Başlygy ýol ugrunda dag çeşmeleriniň
suwundan emele gelen suw howdanynyň deňinde saklandy. «Bitaraplyk» suw howdany»
diýlip atlandyrylan bu howdan paýtagtymyzyň ak mermerli binalary bilen
sazlaşyp, ynsan kalbynda ýakymly täsirleri oýarýar. Sahawatly topragyň
berekedine bereket goşýan suwuň ähmiýeti barada aýdyp, Gahryman Arkadagymyz
howdanyň arassaçylyk derejesine we suwuň rejeli ulanylmagyna örän
jogapkärçilikli çemeleşilmelidigine ünsi çekdi. Şoňa görä, degişli ýolbaşçylara
suw serişdelerini tygşytly peýdalanmak, sil suw akabalaryny kadaly ulanmak
babatda maslahatlar berildi.
Soňra Türkmenistanyň Mejlisiniň ýolbaşçylarynyň, Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň, ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy
edaralarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylyk
edýän guramaçylyk döwlet toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Onda öňde
boljak wekilçilikli forumyň guramaçylyk derejesine degişli wezipeler ara alnyp
maslahatlaşyldy.
Milli Liderimiz halkara çäräni we baýramçylyk dabaralaryny
ýokary derejede geçirmek üçin ähli tagallalaryň edilmelidigini, bu asylly
işlere mynasyp goşant goşulmalydygyny aýdyp, olara meýletinçi, terjimeçi
hökmünde gatnaşjak mugallymlaryň hem-de talyplaryň taýýarlyk derejesine
hemmetaraplaýyn üns berilmeginiň wajypdygyna ünsi çekdi. Şol bir wagtyň özünde
forumyň geçirilýän wagtynda myhmanhanalarda, çäräniň geçiriljek ýerlerinde
ýokary derejeli aragatnaşyk we internet ulgamynyň mümkinçilikleri elýeterli
bolmalydyr.
Türkmen halkynyň Milli Lideri ýurdumyzyň parahatçylyk
söýüjilikli syýasatyny äleme äşgär edýän hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllyk
baýramynda hiç bir meseläniň ünsden düşürilmeli däldigini nygtady. Şunda ähli
gulluklarda nobatçylygyň ýola goýulmagyna, tertip-düzgüniň berjaý edilmegine,
şäheriň çäklerinde ýol-ulag hereketiniň kadaly bolmagyna möhüm ähmiýet
berilmelidir. Gahryman Arkadagymyz Bitaraplyk hukuk derejesi üç gezek ykrar
edilen ýurdumyzyň dünýäde uly abraýa eýedigini, hemme döwletler bilen işjeň
halkara hyzmatdaşlygy alyp barýandygyny belläp, şanly senäniň hormatyna
guraljak halkara çäreleriň ýokary derejede geçirilmeginiň Bitarap döwletimiziň
at-abraýynyň has-da belende galmagyny şertlendirjekdigini aýtdy.
Milli Liderimiz halkara çäreleri üstünlikli geçirmek
bilen, merdana halkymyzyň asylly däp-dessurlaryny, «Myhman ataňdan uly», «Gelen
— döwlet» diýen paýhasly jümleleri esasy ugur edinýän türkmen
myhmansöýerligini, eziz Diýarymyzyň hemmetaraplaýyn ösüşlerini dünýä ýaýmak
babatda alyp barýan işlerinde hemmelere üstünlikleri arzuw etdi we guramaçylyk
döwlet toparynyň nobatdaky mejlisini jemledi.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy hemmelere
kesgitlenen wezipeleri abraý bilen ýerine ýetirmekde üstünlikleri arzuw etdi we
bu ýerden ugrady.