Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly
BERDIMUHAMEDOW:
— Adybeg soltanyň, Jygalybegiň, Göroglynyň
we beýleki gahrymanlaryň watanperwerlik, ynsanperwerlik, danalyk, wepadarlyk,
adalatlylyk, halallyk, rehimdarlyk, il-güne sylag-hormat goýmak, edermenlik,
mertlik, ruhubelentlik ýaly kämil ahlak sypatlary, Göroglyny daglardan hem-de derýalardan
aşyrýan, seýkin ýörişli, duýgur hem wepadar Gyratyň kalbyňy heýjana salýan
çeper keşbi ýaş nesilleri terbiýelemekde nusgalyk mekdepdir, geçmişe, şu güne
hem-de geljege çäksiz buýsanç we guwanç duýgularyny döredýän ruhy güýçdür.
Gahryman Arkadagymyzyň
kämil paýhasyndan kemala gelen eserlerinde-de, durmuşyň üstünliklerden
üstünliklere gol berýän ösüşleriniň özeninde-de ata-babalarymyzyň adalaty
şamçyrag hökmünde ulanylýar. Olaryň ganymyza ornaşdyran adalaty bagtyýarlyk
döwrüniň talaplaryna laýyklandyrylyp, dünýä derejesinde dabaralandyrylýar.
Eposlar we gahrymançylykly dessanlar
milletleriň halka öwrülmek tejribesini kepillendirýän gymmatlyklardyr. Sebäbi
olarda kowum-nebere däl-de, ýurduň goragy hakyndaky düýpli tema ýüzlenilýär. Bu
babatda türkmen halkynyň baý tejribesiniň bardygyny onuň «Oguznama», «Kitaby
Dädem Gorkut», «Görogly» ýaly tutuş süňňi gahrymançylyga ýugrulan eposlary hem
subut edýär. Eposlaryň adaty çeper eserlerden — romanlardyr powestlerden düýpli
tapawutlanýan tarapy — olar haýsydyr bir gahrymanyň töwereginde ýaýbaňlanýan
wakalaryň çeper beýany bolmak bilen çäklenmeýär. Olar şol bir wagtyň özünde
halk üçin taryhy ýokundyly görelde mekdebine öwrülýärler. Şu nukdaýnazar bilen
çemeleşileninde «Görogly» eposynyň ähmiýetini doly açyp görkezmek üçin heniz
edilmeli işler öňki edilen işlerden has köpdür. «Görogly» durşy bilen görelde
mekdebidir. Göreldeler bolsa gürrüňsiz adalatlylykdandyr. Bu babatda
«Göroglynyň» mantyk ýordumynyň başy soltan ýetişdirmek adalatyndan başlanýar.
Soltan ýetişdirmek adalaty.
«Göroglynyň» dürli neşirleriniň çeperleşdirilen sözme-söz beýanatyna däl-de,
mantygyna, ýagny logikasyna seretmek gerek. Taryhda türkmen halkynyň
hökümdarlaryň çagalaryndan hökümdar taýýarlamak bilen meşgullanýan atabeglik
mekdebi dogrusyndaky maglumatlar bilen okyjylar tanyşdyr. Seýisçilik sungaty
şol mekdebiň ilkinji milli nusgasydyr. Eposda Çardagly Çandybil ýurdunyň bir
soltanynyň hem-de onuň ussat seýsiniň bardygy dogrusynda gürrüň edilýär. Soň
soltanyň kazasynyň dolandygy aýdylýar. Onsoň halkyň şol soltanyň tagtyna
mündürmek üçin mynasyp adamy gözleýändigi, öz aralarynda seçip-saýlaýandygy
dogrusynda gürrüň edilýär. Birdenem, halkyň ýadyna soltanyň seýsi düşýär-de,
şony tagta rowa görýärler. Indi wakalaryň mazmun yzygiderliliginiň mantygyna
seredeliň. Eýsem, Jygalybeg atly seýis ynsan we bedew ýetişdirýän ussat
terbiýeçi atabegmikä ýa-da ýönekeý bir atbakar? Taryhda bolmadyk ýa durmuşda
bolmajak zad-a ýokdur welin, halkyň öz dowamatyna miras geçirýän gymmatly
ýörelgelik häsiýetli eserlerinde howaýylyga orun berlip bilinmez. Näme üçin
adam bilen bedew at? At türkmen halkynyň ykbalynda adam derejesine göterilmegi
başaran ýeke-täk jandardyr. Gurbannazar Ezizow hem:
Gamly güni
kişňände,
Eşidende ah
sesin,
Gözün
süpür, eý adam,
Olam adam ahbetin —
diýip, türkmençeläp goýbermeýärmi
näme?!
Bu gürrüňi bu ýerde goýaly-da,
seýisçiligiň soltan ýetişdirmek mekdebi dogrusyndaky ýordumyny aýdyňlaşdyralyň.
Birinjiden, Çardagly Çandybiliň Jygalybegden öňki soltanynyň kazasy dolan
wagtynda yzynda tagta eýeçilik eder ýaly mirasdüşer perzendi galmadyk bolmagy
mümkin (sebäbi eseriň hiç bir nusgasynda ol hakynda gürrüň edilmeýär). Şeýle
ýagdaýda soltanyň tagty şol soltany ýetişdiren seýis — terbiýeçiden başga kime
rowa görlüp bilner? Megerem, hiç kime. Ikinjiden, «Görogluda» Jygalybegiň
soltanlygynyň üstünde durulmaýar. Oňa aýratyn ähmiýet gönükdirilmeýär.
Üçünjiden, Jygalybeg tagta çykanyndan kimi mirasdüşer saýlamalydygy
dogrusyndaky pikirlere berilýär. Diýmek, onuň kemsiz garran bolmagy mümkin.
Eserde han götermek, soltan saýlamagyň adalatly täri ulanylýar. Sebäbi eser
bilen tanyşýan okyjy ýa dessany diňleýän diňleýjiniň her biri bilniksizlikden
bu han göterme dessuryna işjeň gatnaşýar. Jygalybegiň üç ogly bar. Bir ogly
Genjim — genç eýesi, häzirki zaman adalgasy bilen beýan etsek — ykdysatçy.
Ýene-de bir ogly Mömin, başgaça aýtsaň, ähli takdyry Allanyň boýnuna goýup,
şerigatyň kada-kanunlaryny berjaý edip, ýaşap ýören pukara dindar. Jygalybegiň
ýene bir ogly Adybeg, Çandybil ýurdunyň açlykdan horlananlaryna, kişi zulumyna,
keseki han-begleriň sütemine çydap bilmedik ýigitlerine: «Adybeg, sen bir
gerçek, goç ýigit, sen bize rehimdarlyk edýärsiň, bizem saňa nöker bolup hyzmat
etjek, ömrümizi seniň hyzmatyňda geçirjek» diýdirip bilýän ýigit. Diýmek,
Adybeg eserde Jygalybegiň özüni hasaba almanymyzdaky ýetişdiren ikinji soltany.
Durmuşyň synaglary käwagt juda ýowuz
ýaly görünse-de, ol kämilligi we kämilleri ýüze çykarmagyň esasy serişdesidir. «Işiň
gaýtjak bolsa, burnuň suwy gözüňe damar» diýleni bolýar-da, Jygalybegiň uly
yhlas bilen ýetişdiren soltan ogly Adybegiň hamyladar aýaly-da, özi-de nowjuwan
ýaşlarynda panydan bakyýa göç edýärler. Eseriň adybir gahrymany Görogly hem Adybegiň syrly ahwallarda dünýä inen
perzendi. Üns bermeli zatlar: Görogly dogulmaýar, döreýär. Eseriň «Göroglynyň
döreýşi» şahasy hem Adybegiň neberesiniň görden çykarylyp alnyp, adaty adam
durmuşyna goşulmagy bilen däl-de, Röwşeniň wepadar kyrk ýigidini toplap,
Görogly soltana öwrülişi bilen tamamlanýar. Onuň şeýle bolmagyndaky esasy
tagallalar bolsa, gürrüňsiz, Jygalybege degişlidir. Görogly — tagty öz ogly
Adybege geçirdim diýip, rahatlyk tapyp, arkaýyn ölmäge mümkinçilik gazanan
Jygalybegiň ýurdy soltanly etmek arzuwynyň miwesi. Jygalybegde ýene bir arzuw peýda
bolýar. Şol arzuwam onuň ömrüni ýene bir arka (Türkmençilikde 25 ýyl bir arka
hasaplanýar) uzaltmaga badalga berýär. Jygalybeg şol arzuwy üçin ajaly yza
serpikdirmäge-de gaýrat tapýar. Ol arzuw — Çardagly Çandybile ýene-de bir
soltan ýetişdirmek. Ol soltan, elbetde, ýaňyja garaňky görden ýagty dünýä çykan
Röwşendir — Görogludyr. Şonuň üçin hem Jygalybeg ogly Adybeg wepat bolanyndan
soň ýene-de özi soltan bolup, tagtda oturmak ýoluny saýlamaýar. Beýtse, onuň
güýçli duşmanlarynyň ýalňyz umydy Röwşeni ýoklamaklary ahmal. Ine, indi özüňiz
hem üns beräýiň, «Göroglynyň» başynda ýurduň şasy, soltany Jygalybeg öz agtygy
Röwşeni alyp, başga bir ýurduň, onda-da, özlerine duşman bolan ýurduň topragyna
boýunsunujylyk bilen barýar.
Jygalybeg eseriň iň başynda gürrüňi
edilýän Çandybil soltanynyň kakasynyň soltanlyk eden döwründäki, soltanyň
ogluny soltanlyga ýetişdirýän başy jygaly atabegidir, seýsidir. Ol soltan wepat
bolanyndan soň özi tagta münen hem bolsa, ýene-de bir soltany — Adybegi
ýetişdiren seýis — atabegdir. Adybeg hem bu dünýäni terk edensoň, onuň
perzendini görden çykan Röwşeni soltanlyga ýetişdirmegi maksat edinen terbiýeçi
Jygalybegdir. Ol uzakmöhletleýin arzuwynyň hasyl bolmagy üçin gözleriniň
oýulmagyna-da çydamagy başaran, emma welin ýurduň asudalygyny, parahat, bolelin
durmuşyny kepillendirip biljek soltan ýetişdirmek ýaly adalatly ýoluň ussat
terbiýeçi seýsi — başy jygaly atabegidir. JYGALYBEGDIR.
Aşyrmät GARLY,
«Milli goşun».