24-nji
dekabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça
Balkan welaýatynyň häkimi Ý.Gylyjow Serdar etrabynyň «Arkaç» geňeşliginiň
çäginde gurlan täze döwrebap «Rowaç» atly obanyň açylyş dabarasyna gatnaşdy.
Täze obada
jemi üç we dört otagly kaşaň jaýlaryň 268-si guruldy. Bu ýerde ilata
lukmançylyk hyzmatlarynyň köp görnüşlerini hödürlemäge mümkinçilik berýän, iň
täze ýöriteleşdirilen enjamlar bilen üpjün edilen Saglyk öýi hyzmat berip
başlady.
Mundan başga-da
160 orunlyk çagalar bagy, 320 okuwça niýetlenen mekdep, Medeniýet öýi, Söwda
merkezi, Hyzmatlar öýi, Geňeşligiň binasy, 360 belgä niýetlenen awtomat-telefon
stansiýaly aragatnaşyk bölümi, azyk harytlary dükany, güýjenmesi 35 KWt bolan
elektrik podstansiýasy, kuwwaty gije-gündizde 1000 kub metr suwa barabar bolan
suw arassalaýjy desga guruldy. Şeýle hem obada metjit bina edildi.
«Balkan gurluşyk» önümçilik birleşiginiň ýerli bölümleri bu desgalaryň gurluşygynyň potratçylary bolup çykyş etdiler. Bu möhüm durmuş ähmiýetli taslamalary durmuşa geçirmäge «Balkannebitgazgurluşyk» kärhanasy we «Bagtyýar ýaşlar» we «Sarydaş» hususy gurluşyk kärhanalary hem gatnaşdy.