Golaýda, Türkmenistanyň
Goranmak ministrliginiň Terbiýeçilik işleri boýunça müdirligi hem-de «Esger»
gazetiniň redaksiýasy tarapyndan Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli guralan Türkmenistanyň
Ýaragly Güýçleriniň hatarynda harby gullugy geçýän çagyryş boýunça harby
gullukçylaryň arasynda «Baky Bitaraplyk – köňül joşgunym» atly şygryýet
bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi.
Her ýyl
geçirilýän bu bäsleşik Watan öňündäki gulluk borçlaryny birkemsiz ýerine
ýetirýän türkmen esgerleriniň arasynda döredijilik ukyplaryny we zehin
başarnyklaryny ýüze çykarmaga we olary höweslendirmäge ýardam edýär.
Bäsleşigiň
şertleri boýunça esgerler şygyr üsti bilen özleriniň harby gullugynda alyp barýan ugurlary bilen
tanyşdyrdylar, öz ýazan goşgularynyň ýygyndysyny hödürlediler. Soňra çeper
okaýyş we 20 minudyň içinde tabşyrylan
mowzuk boýunça goşgy ýazmak ýaly şertleri ýerine ýetirdiler.
Netijede, birinji
orny Territorial goranyş goşunlary müdirligine degişli harby bölümiň çagyryş
boýunça harby gullukçysy, kiçi seržant
Rahymberdi Annagulyýew eýeledi. Ikinji orna Saglygy goraýyş edaralaryna
hyzmat ediş müdirligine degişli harby bölümiň çagyryş boýunça harby gullukçysy,
seržant Atamämmet Saparow, üçünji
orna Motoatyjylyk goşunlarynyň çagyryş boýunça harby gullukçysy, seržant Baýmyrat Nobatow mynasyp boldular.
Ýeňijilere we bäsleşikde
tapawutlananlara Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň adyndan gymmat bahaly
sowgatlar hem-de Hormat hatlary gowşuryldy.
«Milli goşun».