milli goshun logo
Bagtyýarlyk baharynyň waspy
Bagtyýarlyk baharynyň waspy
03.03.2022 732 Habarlar

Ýakynda hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynda «Bagtyýarlyk baharynyň şekillendiriş sungatyndaky waspy» atly halkara maslahat we sergi öz işine başlady.

Sergide Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň, Şekillendiriş sungaty muzeýiniň gaznasynda saklanylýan eksponatlar, Suratkeşler birleşiginiň agzalarynyň, Döwlet çeperçilik akademiýasynyň, Türkmen döwlet ýörite çeperçilik mekdebiniň ussat mugallymlarynyň we talyplarynyň, welaýatlaryň çeperçilik mekdeplerinde zähmet çekýän halypa suratkeşleriň, Bäşim Nuraly adyndaky çagalar çeperçilik mekdebiniň okuwçylarynyň nakgaşlyk, grafika, heýkeltaraşlyk, dizaýn, haly, gobelen, zergärçilik, külalçylyk eserleri görkezildi. Ýaş suratkeşleriň nakgaşlyk, heýkeltaraşlyk, amaly-haşam sungaty we dizaýn ugurlary boýunça geçiren görkezme tejribe sapaklary sergä gatnaşyjylarda gyzyklanma döretdi.

Suratkeşler taslamalarynda her bir ynsanyň kalbynda söýgini, gözelligi, juwanlygy oýarýan keşpleri döredýärler. Sergide ýerleşdirilen ýurdumyzyň ussat suratkeşleriniň eserlerinde bahar öwüşginleri öz beýanyny tapýar.

Milli Liderimiziň tagallasy bilen şeýle halkara maslahatyň we serginiň geçirilmegi türkmen suratkeşleriniň döredijilik rowaçlygydyr.

Has köp suratlary «Multimedia» bölüminde görüp bilersiňiz!

Jeren Baltaýewa,

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň

sungaty öwreniş kafedrasynyň mugallymy.