Düýn – 22-nji maýda
hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow kuwwaty bir gije-gündizde 150 müň
kub metr bolan «Bagtyýarlyk» agyz suwuny arassalaýjy desgasynyň açylyş
dabarasyna gatnaşdy.
Täze desganyň
gurluşygy Aşgabat şäher häkimliginiň buýurmasy esasynda Türkmenistanyň
Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan «Dost gurluşyk, söwda,
önümçilik» hojalyk jemgyýeti tarapyndan amala aşyryldy. Bu desganyň suw
howuzlarynda jemlenýän arassa agyz suwy Aşgabat şäheriniň ýaşaýjylaryna iki
ugur boýunça paýlanar. Desgada dünýäniň öňdebaryjy ýurtlarynyň kämil enjamlary
ornaşdyrylan. Bu bolsa işleri ýokary derejede alyp barmaga, ilaty arassa agyz
suwy bilen bökdençsiz üpjün etmäge mümkinçilik berer. Döwrebap suw arassalaýjy
desga birnäçe binalardan we suw saklaýjy howdanlardan ybarat bolup, halkara
talaplara doly laýyk gelýär. Bu ýerde işlejek 150-ä golaý işgäriň zähmet
çekmegi üçin ähli önümçilik we durmuş şertleri döredilen. Ýeri gelende, Aşgabat
şäheriniň ilatyna ýokary hilli hyzmat etjek täze, döwrebap ýolagçy
awtobuslarynyň sowgat hökmünde gowşurylandygyny bellemek gerek.
Döwlet Baştutanymyz
ýygnananlary «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Aşgabat şäherinde
döwrebap suw arassalaýjy desganyň işe girizilmegi, şeýle hem paýtagtymyzyň
ilatyna häzirki zaman ýolagçy awtobuslarynyň sowgat berilmegi bilen tüýs
ýürekden gutlap, hemmelere berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, alyp barýan
işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.