23.04.2024 Русский язык Türkmen dili
Milli goşun
Türkmenistan - Rowaçlygyň Watany
Aziýaly türgenler baýrakly orunlary eýelemeklerini dowam etdirýärler
Aziýaly türgenler baýrakly orunlary eýelemeklerini dowam etdirýärler
04.11.2018 1223 Habarlar | Sport

Dünýä çempionatynyň 4-nji gününde 67 kilograma çenli agramda erkekleriň arasyndaky bäsleşikler tamamlandy. Birbada götermekde hytaýly türgen Huang Minhao 152 kg göterip, altyn medalyň eýesi boldy. Hytaýly türgen Chen Lijun 150 kg göterip kümüş medal gazandy. Bürünç medalyň eýesi bolsa, 147 kg göteren wenesuelaly türgen Mayora Pernia Lulio Ruben boldy. 

Itekläp götermekde 182 kg göteren hytaýly türgen Chen Lijun altyn medalyň eýesi boldy. Özbegistanly türgen Doston Yokubov 180 kg galdyryp, kümüş medal gazandy. 178 kg göteren kolumbiýaly türgen Figueroa Masquera Osсar Alberio bürünç medala eýe çykdy.

Netijede, umumy hasapda 332 kg göteren hytaýly türgen Сhen Lijun dünýä  çempiony boldy. 323 kg göteren hytaýly türgen Huang Minhao kümüş medal eýeledi. Wenesuelaly türgen Mayora Pernia Lulio Ruben 322 kg göterip bürünç medal aldy.