Ata-babalarymyzyň
ruhy dünýäsinde uçmak, ganatlanmak düşünjelerine aýratyn ähmiýet berlipdir. Ony
her bir zatda görmek mümkin. Erkanalygy uçýan halynyň, bagta barýan ýoly symrug
guşuň edebi keşbi bilen baglanyşdyrypdyrlar. Merdanalygy bolsa bürgüt
edermenligi bilen baglanyşdyrypdyrlar. Seljuk türkmen döwletiniň binýadyny
goýan iki sany gerçegiň ady bürgüt atlarydyr. Olar dünýäniň dürli künjeginde
juda seýrek hakykaty äleme sowgat berdiler. Ol sapak agzybirligiň we
merdanalygyň mizemez nusgasydyr. Olar iki dogan bolup, bir döwleti agzybirlikde
dolandyrmagyň türkmen nusgasyny äleme peşgeş berdiler. Şonuň üçin hem olaryň
esaslandyran seljuk şadöwletiniň tuglarynyň ýüzünde iki kelleli bürgüdiň şekli
ýerleşdirilendir. Ol bürgütler Çagry bilen Togruldyr.
Bu buýsançly
maglumaty şu ýerde goýaly. Ýöne isleseň islemeseň hem biziň söhbedimiziň bir
çeti şol maglumata baryberýär. Halkymyz ylym paýyndan kemsiz ýüküni tutup,
durmuş ýoluna gadam basan ýaşlara hem uçurum diýýär. Uçurymyň nämedigini
halkymyzyň hemmesi hem bilýär. Öz ganatyna bil baglap, ata-enesiniň
höwürtgesinden ilkinji gezek uçup görmek başarnygyny barlap gören guş. Diýmek.
uçurum özüniň uçup bilýändigine göz ýetiren guş. Indi oňa asman giňişligi
garaşýar. Emma guş bar – guş bar. Bürgütler asman giňişliginiň iň ýokarky gatlagyna
göterilip bilýän hem-de, aýdyşlaryna görä, şol ýerden ýerdäki süýtli jama gaçan
ak gyly, gara daşyň üstündäki gara gyly saýgaryp bilýän eserdeň guşdur.
Garaşsyz,
hemişelik Bitarap Türkmenistanyň Watan goragynda äleme nusgalyk göreldeleri
görkezen, milletimiziň ömrüne merdanalygy bilen ömür goşan beýik
şahsyýetlerimiziň atlaryny ebedileşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň
Goranmak ministrliginiň 1-nji Ýöriteleşdirilen harby mekdebine hormatly Belent
Serkerdebaşymyzyň mähriban atasy, ilhalar ynsan, ussat mugallym Berdimuhamet
Annaýewiň, şeýle-de 2-nji Ýöriteleşdirilen harby mekdebine Alp-Arslanyň we
3-nji Ýöriteleşdirilen harby mekdebine Soltan Sanjaryň atlary dakylyp, bu ýerde
olaryň heýkelleri goýuldy. Munuň özi harby mekdeplerde bilim alýan ýaş watançylary
pederleriň milli ýörelgesinde, milli ruhda, ýokary ahlakly, kämil ýaşlar edip
ýetişdirilmegine döwlet derejesinde berilýän ähmiýetiň miwesidir.
Ata-babalarymyzyň
uçmak arzuwynyň kosmos derejeli mümkinçiligine eýe bolan ata Watanymyzyň
goragçylary bolan harby okuwçylarymyzyň mynasyp ogullar bolup ýetişmegi üçin
döwlet tarapyndan ähli mümkinçilikler döredilýär. Bagtyýarlyk döwründe hem
şöhratly ata-babalarymyzyň asyrlarboýy nesilden-nesle geçirip gelen Watan
goragyna hemişe taýýar bolmak babatyndaky milli ýörelgesi häzirki zaman
mümkinçilikleri bilen utgaşdyrylyp okadylýar. Ýurdumyzyň ähli künjeklerindäki
orta bilim berýän mekdepler bilen bir hatarda, Türkmenistanyň Goranmak
ministrliginiň Ýöriteleşdirilen harby mekdepleriniň okuwçylary hem ýurdumyzyň
beýleki mekdepleriniň okuwçylary bilen bir hatarda şu gün ylymdan
ganatlandylar. Watany eserdeňlik bilen, wepadarlyk bilen goramagyň sapaklaryny
özleşdiren ak bürgütlere ata Watanymyzyň asuda asmanynyň erkana giňişligi
garaşýar. Belent Serkerdebaşymyzyň «Watan goragy mukaddesdir», «Mertler Watany
beýgeldýär» atly mekdeplik kitaplaryny yzygiderli özleşdirýän merdana nesillere
Watan goragy ynanylýar. Çünki diňe goranmak häsiýetli harby doktrinamyzy amala
aşyrmak babatdaky her bir işde kämil harby bilimi, hünäri ele alan, syýasy
taýdan sowatly, giň dünýägaraýyşly, ukyp-başarnykly ýurt goragçylary biziň
esasy daýanjymyzdyr. Olar berkarar Watanymyzyň ygtybarly goragynyň kepilidir.
«Milli goşun».