20-nji sentýabrda paýtagtymyzda Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleriniň ýurdumyzyň Garaşsyzlyk gününiň 29 ýyllyk baýramyna bagyşlanan iki günlük sergisi we «Sanly ykdysadyýet – ykdysady ösüşiň möhüm ugry» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi.
Giň möçberli sergi ykdysady ösüşiň we türkmen halkynyň durmuş hem-de ruhy ulgamlaryndaky giň möçberli özgertmeleriniň özboluşly ýylýazgysyna öwrüldi. Bu çäre halkymyzyň özboluşly medeni mirasynyň baýdygyny äşgär etdi.
Söwda-senagat edarasy tarapyndan guralan gözden geçirilişiň açylyş dabarasyna hökümet agzalary, Mejlisiň ýolbaşçylary we deputatlary, daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň hem-de halkara guramalaryň Türkmenistanda işleýän wekilleri, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriň ýolbaşçylary we işgärleri gatnaşdylar.
Bu ýere ýygnananlar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň giň möçberli çärä gatnaşyjylara iberen Gutlag hatyny uly ruhubelentlik bilen diňlediler. Onda Watanymyzyň nurana geljegini üpjün eden mukaddes Garaşsyzlygymyzyň döwletimiziň özygtyýarlylygynyň, halkymyzyň agzybirliginiň hem-de bitewüliginiň, ykdysady we durmuş üstünliklerimiziň mizemez binýadydygy barada aýdylýar.
Bu gezekki gözden geçirilişde onlarça fiirmalar we kompaniýalar, hususy telekeçiligiň wekilleri häzirki mümkinçiliklerini, geljekki ösüşini görkezmek bilen, 70-den gowrak bölümleriň üsti bilen öndüren önümleriniň ýokary hil derejesini we dürli görnüşli hyzmatlaryny hödürleýärler.
Şeýle hem forumyň çäklerinde ýurdumyzyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi tarapyndan guralan “Sanly ykdysadyýet –ykdysady ösüşiň möhüm ugry” atly ylmy-amaly maslahat öz işine başlady.
Maslahatda Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmek, durmuş goraglylygy, ýurdumyzyň milli statistikasyny döwrebaplaşdyrmak we tehnologik ösüşi üpjün etmek babatda sanlylaşdyrmagyň ähmiýeti, sanly bilimi ösdürmegiň zerurlygy hakyndaky çykyşlar diňlenildi.
Maýa goýum serişdelerini ösdürmegiň geljekki ugurlaryny kesgitlemek, daşary ýurtdan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçiligi, ýokary tehnologiýaly, täzeçil pudaklary, hususan-da, elektron senagatyny ösdürmek boýunça gyzyklanma bildirilýän pikir alyşmalar boldy.
Maslahatyň ýapylyş dabarasynda maslahata gatnaşyjylaryň hemmesine degişli diplomlar we şahadatnamalar gowşuryldy. Maslahata gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna Ýüzlenma kabul etdiler.