Türkmen
paýtagtynda geçirilmegi meýilleşdirilýän Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza
döwletleriň Baştutanlarynyň XV sammitiniň öňüsyrasynda, 26-njy noýabrda YHG-a
agza döwletleriň işewürlik maslahaty geçirildi. Ol Türkmenistanyň we YHG-nyň
Söwda-senagat edaralary hem-de guramanyň Sekretariaty tarapyndan guraldy.
Utgaşykly
görnüşde geçirilen maslahat halkara ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda
nobatdaky möhüm ädime öwrülip, YHG-a agza döwletleriň Söwda-senagat
edaralarynyň, ministrlikleriň we ugurdaş edaralaryň, banklaryň hem-de hususy
kompaniýalaryň ýolbaşçylarydyr wekillerini ýygnady. Onuň işine 170-den gowrak
wekil gatnaşyp, olardan 40-sy daşary ýurtly işewürler, 138-si ýurdumyzyň
wekilleridir. Şeýle-de dünýäniň dürli ýurtlaryndan 270-den gowrak telekeçi
forumyň işine sanly ulgam arkaly gatnaşdy.