16-njy noýabrda Jemgyýetçilik guramalarynyň merkeziniň mejlisler zalynda Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň döredilen gününe gabatlanyp, işjeňleri sarpalamak dabarasy geçirildi.
«Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» şygary astynda geçýän ýylda ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan hem-de Aşgabat şäherinden medeniýetde, ylymda we tehnikada, bilimde, terbiýeçilik işinde, sportda, saglygy goraýyşda hem-de beýleki ugurlarda has tapawutlanan ýaşlaryň 47-si milli Liderimiziň adyndan degişli güwänamalar we gymmat bahaly sowgatlar bilen sylaglanyldy.
Olaryň hatarynda ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary, aspirantlary, talyplary we mekdep okuwçylary, döredijilik toparlarynyň agzalary, žurnalistler, dürli ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň hünärmenleri bar.
Diýarymyzyň «Aýdyň gijeler» hojalyk jemgyýetinde döwlet Baştutanymyzyň ýurdumyzyň elektron senagatyny döretmek we ösdürmek boýunça maksatnamasyny durmuşa geçirýän ýaş hünärmenleriň gatnaşmagynda öndürilen «Tolkun» smart-telewizorlarynyň sowgat gowşurylandygyny bellemek ýakymlydyr.