milli goshun logo
Aşgabatda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň sergisi hem-de maslahaty geçirilýär
Aşgabatda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň sergisi hem-de maslahaty geçirilýär
13.04.2022 752 Habarlar

12-nji aprelde paýtagtymyzda iri guramanyň – Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 14 ýyllygyna bagyşlanan serginiň we maslahatyň açylyş dabarasy boldy. Häzirki wagtda bu birleşme ýurdumyzyň hususy işewürliginiň wekilleriniň 27 müňden gowragyny özünde jemleýär hem-de ykdysadyýetiň döwlete dahylsyz ulgamyny ösdürmek, telekeçilik başlangyçlaryny goldamak boýunça giň gerimli işleri amala aşyrýar.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň sergisi milli ykdysadyýetimiziň döwlete dahylsyz ulgamyny ösdürmekde amala aşyrylýan oňyn özgertmeleriň aýdyň beýany bolup durýar. Gözden geçirilişiň esasy maksady kiçi we orta telekeçiligi ösdürmekde gazanylyan üstünlikleri, bu ugurda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeleri, ulgamyň innowasion esaslaryny açyp görkezmekden ybaratdyr.