milli goshun logo
Aşgabatda pudaklaýyn halkara sergisi we maslahaty geçirilýär
Aşgabatda pudaklaýyn halkara sergisi we maslahaty geçirilýär
13.09.2019 356 Habarlar

12-nji sentýabrda Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň energetika senagatynyň ösüşiniň esasy ugurlary» atly halkara serginiň we ylmy maslahatyň açylyş dabarasy boldy.

Döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygy boýunça Energetika ministrligi hem-de Söwda-senagat edarasy serginiň guramaçylary bolup çykyş etdiler. Oňa köp sanly daşary ýurtly gatnaşyjylaryň hatarynda Russiýadan, ABŞ-dan, Germaniýadan, Italiýadan, Ýaponiýadan, Hytaýdan, Türkiýeden, Eýrandan, Belarusdan, Ukrainadan we beýleki döwletlerden öňdebaryjy kompaniýalar we ugurdaş düzümler bar. Sergi gatnaşyjylaryň 130-a golaýyny — dünýäniň elektroenergetika kompaniýalarynyň, ýurdumyzyň pudaklaýyn düzümleriniň we hususy telekeçiligiň wekillerini, bilermenleri birleşdirdi.

Ýurdumyzyň sergä gatnaşyjylary energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmelerini — Gün panellerini we ýel generatorlaryny öndürmek babatda öz işleri bilen tanyşdyrdylar.

Halkara sergi öz işini 14-nji sentýabra çenli dowam eder.