10-njy noýabrda paýtagtymyzda
telearagatnaşyk, telemetriýa, habar beriş tilsimatlarynyň we teleradioýaýradyş
enjamlarynyň «Türkmentel – 2021» atly XIV halkara onlaýn maslahaty öz işine başlady. Hormatly
Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Kararyna laýyklykda, ony «Türkmenaragatnaşyk» agentligi
hem-de Söwda-senagat edarasy guradylar.
Diýarymyzyň
Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy bellenilýän, «Türkmenistan –
parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» şygary astynda geçirilýän şu ýylda guralan
ýöriteleşdirilen forum ýurdumyzda iň täze aragatnaşyk serişdeleriniň
ornaşdyrylyşyny çaltlandyrmaga, halkara aragatnaşyk ulgamlaryny
döwrebaplaşdyrmaga, ählumumy Durnukly ösüş maksatlary jähetinden, döwletleriň
arasyndaky özara bähbitli hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge gönükdirilendir.
Häzirki zaman aragatnaşyk serişdelerine
bagyşlanan şu gezekki halkara onlaýn maslahatda garalýan wajyp meseleleri ala
alyp maslahatlaşmaga 25 ýurtdan wekilleriň 300-den gowragy gatnaşýar.
Maslahatyň işine diňe bir işewür toparlary däl, eýsem, hünärmenler, alymlar
hem-de bilermenler gyzyklanma bildirdiler.