31-nji martda paýtagtymyzda sanly ulgam arkaly «Muhammet Baýram han Türkmen we türkmen halkynyň mertlik, watansöýüjilik, adamkärçilik ýörelgeleri» atly halkara maslahat geçirildi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen geçirilen maslahat ýurdumyzyň Daşary işler ministrligi, Bilim ministrligi hem-de Ylymlar akademiýasy tarapyndan guraldy.
Söwda-senagat edarasynyň binasynda geçirilen umumy mejlisde Owganystandan, Hindistandan, Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Hytaýdan, Pakistandan, Russiýa Federasiýasyndan, Täjigistandan bolan diplomatlar we alymlar çykyş etdiler.
Türki dilli halklar dünýä taryhynyň dowamyna ägirt uly täsirini ýetiren gadymy siwilizasiýalaryň medeni we taryhy mirasyny saklaýjylar bolup durýar. Meňzeşligini, dinini, dilini, öňki nesilleriň toplan özboluşly medeni we ruhy gymmatlyklaryny aýawly saklap galan bu halklar öz şöhratly we baý mazmunly geçmişine buýsanmaga haklydyr.