milli goshun logo
Aşgabatda marafon ýaryşy geçirildi
Aşgabatda marafon ýaryşy geçirildi
06.05.2025 181 Habarlar | Sport

Öňňin Aşgabat şäheriniň ýaşaýjylarynyň hem-de ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň gatnaşmagynda «Sport – parahatçylygyň we ynanyşmagyň girewi» atly sport marafony geçirildi. Sport-sagdynlyk çäresine gatnaşyjylar 3600 metr aralyga ylgamakda ezberligini, çydamlylygyny görkezdiler.

Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň Bilim ministrligi, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy hem-de Aşgabat şäher häkimligi bilen bilelikde guran bu çäresi ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň sekretariatynyň başlangyjy bilen geçirildi. Oňa 550-den gowrak adam işjeň gatnaşdy. Paýtagtymyzyň Bitarap Türkmenistan şaýolundan «Arkadag» binasyna eltýän Bagtyýarlyk köçesiniň ugrunda marafona badalga berilmegi mynasybetli çykyşlar ýaýbaňlandyryldy. Bu ýerde köpçülikleýin medeni-sport, görkezme çykyşlaryna giň orun berildi.

Ýaryşyň ýeňijilerine Hormat hatlary we gymmat bahaly sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.