milli goshun logo
Aşgabatda Kuraş boýunça dünýä çempionatynyň açylyş dabarasy boldy
Aşgabatda Kuraş boýunça dünýä çempionatynyň açylyş dabarasy boldy
25.11.2023 859 Sport

 

Şu gün paýtagtymyzda Kuraş boýunça XIV dünýä çempionatynyň açylyş dabarasy geçirildi. Aşgabat dünýä möçberindäki ýene bir iri ýaryşy kabul edýär. Olimpiýa şäherçesindäki Başa-baş söweş sungaty sport toplumynda guralan bu dabara köp sanly tomaşaçylar ýygnandylar.

Soňra sport toplumynyň meýdançasyna dünýä çempionatyna gatnaşyjy ýurtlaryň Döwlet baýdaklary getirildi. Olar meýdançada hatara düzüldi. Dabaraly ýagdaýda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Gutlagy okaldy. Onda Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi bolan gadymy türkmen topragynda ýaşan ata-babalarymyzyň beden we ruhy taýdan sagdyn ýaş nesli terbiýelemekde göreşe aýratyn ähmiýet berendikleri nygtalýar.

Dabaranyň tolgundyryjy pursadynda kuraş boýunça dünýä çempionaty açyk diýlip yglan edildi. Soňra Halkara Kuraş assosiasiýasynyň (IKA) prezidenti Haýdar Farmana söz berildi. Ol ýygnananlara ýüzlenip, hemmeleri Türkmenistanyň ajaýyp paýtagty Aşgabatda geçirilýän Kuraş boýunça dünýä çempionatynyň açylyş dabarasynda görýändigine örän şatdygyny nygtady.

Çempionatyň resmi açylyşy tamamlanandan soňra, gatnaşyjylara gargy tüýdüginiň owazy astynda türkmen tebigaty, ýurdumyzyň milli gymmatlyklary we baýlyklary barada wideorolik görkezildi. Soňra dabara gatnaşyjylar milli türkmen göreşine, halylaryna, milli mirasynyň gymmatlyklaryna bagyşlanan birnäçe aýdym-sazly çykyşlara tomaşa etdiler.

Kuraş boýunça dünýä çempionatynda türkmen türgenlerine ýeňişler ýaran bolsun!