23-nji
sentýabrda paýtagtymyzda Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň ХХII
maslahaty geçirildi. Asylly däbe görä, ählihalk baýramyna — Türkmenistanyň
Garaşsyzlyk gününe gabatlanyp guralýan maslahatyň işine beýleki ýurtlarda
ýaşaýan türkmenleriň wekilleri, ýurdumyzda işleýän daşary ýurtly türkmenler,
şeýle hem ýurdumyzyň ähli sebitlerinden wekiller gatnaşdylar.
Hormatly
Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer
birleşiginiň Prezidenti bolmak bilen, dünýä türkmenlerini jebisleşdirmek
boýunça işlere uly üns berýär, ýylyň-ýylyna daşary ýurtly watandaşlarymyz bilen
işleşmegiň many-mazmuny çuňlaşdyrylýar we gerimi giňeldilýär, ylym we bilim,
medeniýet, sungat, neşir işleri, saglygy goraýyş, syýahatçylyk we sport,
telekeçilik ýaly ulgamlarda gatnaşyklar işjeňleşdirilýär.
«Mekan»
köşgüniň mejlisler zalynda maslahatyň açylyş dabarasy boldy, oňa hökümet agzalary,
Mejlisiň deputatlary, DTYB-nyň toparlaýyn agzalary bolup durýan syýasy
partiýalaryň we jemgyýetçilik guramalarynyň, Ylymlar akademiýasynyň
institutlarynyň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň,
paýtagtymyzyň ýokary okuw mekdepleriniň wekilleri, ýurdumyzyň ähli
welaýatlaryndan Birleşigiň şahsy agzalary, ylym we medeniýet işgärleri,
hormatly ýaşulular, žurnalistler, talyp ýaşlar gatnaşdylar.
***
Daşary ýurtly ildeşlerimiz Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 28 ýyllygyna bagyşlanan baýramçylyk çärelerine hem gatnaşarlar. Olar üçin muzeýlere we teatra, «Nusaý» döwlet taryhy-medeni goraghanasyna, paýtagtymyzdaky we onuň töweregindäki beýleki ajaýyp künjeklere baryp görmegi öz içine alýan uly medeni maksatnama taýýarlanyldy.