milli goshun logo
Aşgabat – halkara gatnaşyklaryň merkezi
Aşgabat – halkara gatnaşyklaryň merkezi
16.05.2021 4326 Aşgabat - 140 ýyllygyna

(Ýaşlar guramasynyň bäsleşigine)

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli Liderimiziň tagallalary bilen halkara gatnaşyklarynyň merkezi hökmünde Aşgabat şäherini hemmetaraplaýyn ösdürmäge uly üns berilýär. Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzyň paýtagtynda geçirilen we sebitde uzak möhletleýin durnuklylygy we parahatçylygy ösdürmäge gönükdirilen halkara derejeli gepleşikler Aşgabat şäheriniň syýasy ähmiýetini artdyrdy.

Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary we halkara goldamagynda ýokary guramaçylykda geçirilýän halkara derejeli okuw maslahatlary, halkara forumlar, ýokary derejeli duşuşyklar paýtagtymyzyň sebitde we tutuş dünýäde abraýyny barha belende göterýär. Hususan-da, Aşgabadyň kabul etmeginde, halkymyza mahsus myhmansöýerlik däplerini berjaý etmek şertlerinde, taraplar üçin amatly syýasy gurşawda döwlet we hökümet Baştutanlarynyň, iri halkara guramalaryň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda geçirilýän ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşdäki duşuşyklar halkara gatnaşyklaryň dürli ugurly, ýagny energetika, suw, ulag, ekologiýa, daşky gurşaw, azyk howpsuzlygy we beýleki meseleleriň ençemesini özara bähbitli esaslarda oňyn çözmäge ýardam berýär.

Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasynda utgaşykly hyzmatdaşlygyň netijesi hökmünde hut ýurdumyzyň başlangyjy bilen Merkezi Aziýada öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň açylmagy Aşgabat şäherini halkara gatnaşyklaryň merkezine öwürdi.

Öňüni alyş diplomatiýasynyň iş ýüzünde ulanylmagynyň we durmuşa geçirilmeginiň netijesinde, Aşgabatda kabul edilýän sebit ähmiýetli çözgütler möhümdir. Hususan-da, halkara derejeli maslahatlarda, duşuşyklarda, okuwlarda derwaýys halkara meseleleriara alyp maslahatlaşmak üçin Aşgabadyň ýygy-ýygydan açyk meýdança bolup durýandygy hakykatdyr.

Aşgabatda geçirilen halkara maslahatlardyr forumlar paýtagtymyzyň halkara gatnaşyklaryň merkezi hökmünde ykrar edilmeginiň aýdyň alamatydyr.

2017-nji ýylyň dowamynda Türkmenistanyň Halkara Energetika Hartiýasynyň Konferensiýasyna başlyklyk etmeginiň çäklerinde, şol ýylyň 28-29-njy noýabrynda paýtagtymyzda ýene bir uly syýasy çäre geçirildi. Halkara Energetika Hartiýasynyň Konferensiýasynyň 28-nji mejlisinde strategik resminama hökmünde Aşgabat Jarnamasy kabul edildi.

2019-njy ýylda Türkmenistan Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy Guramasyna başlyklyk etdi. Başlyklygyň dowamynda dürli derejeli halkara duşuşyklar Aşgabat şäherinde geçirildi.

Paýtagtymyzyň 140 ýyllygyny mynasyp garşylamaga giňden taýýarlyk görülýän häzirki günlerde şäheriň islendik künjegine nazar aýlanyňda, göwnüň galkynýar. Galkynan göwünlerde ýaşaýşa bolan hyjuw has-da artýar.

Gylyçmuhammet JORAÝEW,

Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň uly mugallymy.