milli goshun logo
Aşgabadyň waspy hoş owazlarda
Aşgabadyň waspy hoş owazlarda
28.04.2021 499 Aşgabat - 140 ýyllygyna

(Ýaşlar guramasynyň bäsleşigine)

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň paýtagty Aşgabat gün-günden gözelleşýär. Esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygynyň uly dabaralara beslenýän gözel Aşgabadymyzyň köçelerine, seýilgählerine seýle çykan her bir adamyň göwni açylyp, ylhamy joşýar. Şonda Garaşsyz Watanymyza, Gahryman Arkadagymyza, gözel paýtagtymyza bolan söýgi ajaýyp saza dönüp ýaňlanyp başlaýar.

Türkmen kompozitorlary hem dürli döwürlerde, merjen şäherimizi wasp edip, onlarça ajaýyp aýdymlary döretdiler. Türkmenistanyň halk artisti Daňatar Öwezowyň şahyr Gara Seýitliýewiň goşgusyna döreden «Aşgabat», Türkmenistanyň halk artisti Nury Halmämmedowyň şahyr Geldi Bäşiýewiň goşgusyna döreden «Aşgabat», Türkmenistanyň halk artisti Çary Nurymowyň şahyr Anna Kowusowyň sözlerine döreden «Aşgabat» atly aýdymlary halkymyzyň söýüp diňleýän aýdymlaryna öwrüldi. Olaryň arasynda Türkmenistanyň halk artisti, Döwlet baýraklarynyň eýesi Weli Muhadowyň, şahyr Atadurdy Gurbanowyň goşgusyna döreden «Aşyklaryň şäheri» atly aýdymy öz şirinligi bilen tapawutlanýar. 1981-nji ýylda Aşgabadyň 100 ýyllygyna bagyşlanyp döredilen bu aýdym, indi 40 ýyl bäri konsertlerde, teleradioýaýlymlarda ýaňlanyp dur. Ruhubelent owazy bilen ýüreklerde orun alan bu aýdymyň ilkinji ýerine ýetirijisi Türkmenistanyň halk artisti Atageldi Garýagdyýewdir. Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary bilen meşhur türkmen kompozitorlarynyň saýlanan eserleriniň notalary kitap bolup çap edilýär. 2015-nji ýylda Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan çap edilen «Weli Muhadow. Saýlanan eserler» kitabynyň iň başynda ussat kompozitoryň «Aşyklaryň şäheri» atly aýdymy berlipdir. Wals depgininde 6/8 ölçegde ýazylan bu aýdym örän akgynly ýaňlanyp, kalplary joşdurýar, gözel paýtagtymyza bolan buýsanjymyzy artdyrýar.

Mähriban Arkadagymyzyň kalbyndan joşup çykan «Ak şäherim Aşgabat» goşgusyna Kerim Berdimuhamedowyň döreden ajaýyp sazynyň notasyny görüp, juda begendik.

Aziýaň dür-merjeni,

Ak şäherim Aşgabat!

Dost-doganlyk merkezi,

Ak şäherim Aşgabat!

— diýip, joşgunly başlanýan bu ajaýyp aýdym, öz ruhubelent owazy bilen ýüreklerimizi joşdurýar.

Goý, Mähriban Arkadagymyzyň kalbyndan joşup çykýan ajaýyp aýdymlarynyň höwri köp bolsun!

Ýelena ROMANOWSKAÝA,

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky ýörite sazçylyk mekdep-internatynyň mugallymy.