(Ýaşlar guramasynyň bäsleşigine)
Paýtagtymyzyň ajaýyp binalarynyň hatarynda «Ak şäherim Aşgabat» binasyny bellemek gerek. Ol Magtymguly şaýolunyň ugrunda ýerleşýär. Bu binanyň 2014-nji ýylyň 24-nji maýynda Aşgabadyň gününiň öňüsyrasynda hut hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda durky täzelenen «Aşgabat» medeni-dynç alyş seýilgähi bilen bilelikde açylyş dabarasy boldy.
Türkmen paýtagtynyň merkezinde gurlan bu ajaýyp binanyň beýikligi 25 metre barabar bolup, ýokarsynda ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygyny alamatlandyrýan zeýtun şahajyklary şekillendirilipdir. Binanyň ikinji bölüminde ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen syýasaty alamatlandyrýan üç sütün bar. Üçünji bölüminde ýerleşdirilen üç sütün bolsa Garaşsyzlygyň, hemişelik Bitaraplygyň we Bagtyýarlygyň nyşanyny aňladýar. Aşgabadyň aşyklaryň şäheri diýip atlandyrylmagyndan gelip çykýan söýgini aňladýan altyn çaýylan ýüregiň şekili bolsa, binanyň dördünji bölümini düzýär. Binanyň esasy sütüninde dikligine ýerleşdirilen göl şekilleri bar. Altyn harplar bilen ýazylan paýtagtymyzyň ady «Aşgabat» şol gölleriň içinde haşamlanyp ýerleşdirilipdir. Gözel paýtagtymyzyň ak mermeriň merjen şäheri hökmünde Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyna girizilendigini alamatlandyrýan açylan kitabyň görnüşi «Ak şäherim Aşgabat» binasynyň altynjy bölüminde ýerleşdirilendir.
Binanyň töweregindäki suw çüwdürimleri, gezim edilýän ýodajyklar, ýanaşyk ýerlerindäki gök otly zolaklar, dynç almaga niýetlenen oturgyçlar bina özboluşly gözellik paýlaýar. Gijelerine dürli öwüşginli yşyklara beslenýän bu ajaýyp ýer görenleriň ünsüni has-da özüne çekýär.
Laçyn BERDIMYRADOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň
halkara žurnalistikasy fakultetiniň talyby.