milli goshun logo
Aşgabadyň doganlaşan şäherleri
Aşgabadyň doganlaşan şäherleri
10.05.2021 537 Aşgabat - 140 ýyllygyna

(Ýaşlar guramasynyň bäsleşigine)

Doganlaşan şäherler – munuň özi birek-biregiň halklarynyň durmuşy, taryhy we medeniýeti bilen ýakyndan tanyşmak maksady bilen dürli ulgamlarda: medeniýetde, sportda, ylym-bilimde we beýleki ugurlarda hemişe hyzmatdaşlykda bolan iki şäherdir. Taraplaryň hyzmatdaşlyklarynyň çäklerinde medeniýet, sungat wekilleriniň birek-birekde dürli çykyşlary, teatr, kino eserleriniň görkezilişikleri, sport wekilçilikli toparlaryň gatnaşmagynda duşuşyklar, maslahatlar guralyp durulýar. Ilkinji doganlaşan şäherler Ikinji jahan urşunda weýran bolan Kowentri (Beýik Britaniýa) we Stalingrad (häzirki Wolgograd) şäherleridir. Iňlisler öz doganlaşan şäherlerine ýüzünde: «Ullakan gynançdan kiçijek kömek gowy» diýip ýazylan desterhany hem-de ýerli halkyň ýygnan goldaw serişdesini sowgat edýärler. Olara şol uruşda uly ejir çeken Dižon, Turin we Ottawa şäherleri goşulýarlar.

1957-nji ýylyň 28-nji aprelinde doganlaşan şäherleriň Bütindünýä guramasy döredilip, ol Fransiýanyň Eks-le-Ben şäherinde ýerleşýär. 1962-nji ýylda guramanyň teklibi bilen her ýylyň aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde Bütindünýä doganlaşan şäherleriň gününi bellemek kararyna gelinýär.

Gözel paýtagtymyz Aşgabadyň hem dünýäniň dürli künjeklerinde doganlaşan şäherleri bar. 1974-nji ýylda Mali döwletiniň paýtagty Bomako şäheri Aşgabadyň doganlyk şäheri bolýar. 1990-njy ýylda bolsa şeýle gatnaşyklar ABŞ-nyň Albukerke şäheri bilen ýola goýulýar.

Özbegistanyň halky bilen türkmen halkynyň gatnaşyklarynyň taryhy asyrlara siňip gidýär. Hut şonuň üçin-de bu döwlet bilen dürli ugurlardaky gatnaşyklar iki halkyň medeniýetine-de siňipdir. Munuň şeýledigine 2017-nji ýyldan bäri paýtagtymyz bilen doganlyk şähere öwrülen Daşkendiň arasynda dürli ugurlarda alnyp barylýan gatnaşyklar hem aýdyňlygy bilen görkezýär.

Gözel paýtagtymyzyň doganlaşan şäherleriniň arasynda Täjigistanyň paýtagty Duşenbe şäheri hem bar. Bu şäher bilen 2017-nji ýylda Gyrgyz Respublikasynyň paýtagty Bişkek şäheri bilen doganlyk gatnaşyklary 2018-nji ýylda ýola goýulýar. Şonuň ýaly-da, dürli ýyllarda Aşgabat Türkiýäniň paýtagty Ankara, Hytaýyň Lançjou şäheri, Gresiýanyň paýtagty Afiny we Ukraina Respublikasynyň baş şäheri Kiýew bilen doganlyk gatnaşyklaryny ýola goýdy.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň öňe sürýän dost-doganlyk syýasaty netijesinde ýurdumyzyň dünýä bilen gatnaşyklarynyň gerimi barha giňeýär. Dünýä ýüzünde parahatçylygyň merkezi hökmünde uly ynam, hormat bilen garalýan Garaşsyz Diýarymyzyň paýtagtymyzyň doganlaşan şäherleriniň sanawy ýyl geldikçe artýar.

 

«Milli goşun».