(Ýaşlar guramasynyň bäsleşigine)
Aşgabat, sen nähili gözel şäher?! Seniň köküni müňýyllyklardan alyp gaýdýan türkmeniň kalby ýaly aklygyň tebigy sazlaşygy emele getirýär. Seniň keşbiňi, ýollaryňy, baglaryňy, daglaryňy... synlamak neneň lezzetli! Men seniň gujagyňda pikirleriň ummanyna aralaşmagy halaýaryn. Megerem, şonuň üçindir her gezek seniň goýnuňa gezelenje baranymda, düşen suratlarymy synlamak endigimi aýlar-ýyllar öçürip bilenok. Dynç alyş günleri gezelenje gitmek pikiri beýnime at salan pursadynda, seniň roýuň göz öňümde şöhlelenýär. Çagalykdan galan köne endigim – Aşgabat diýilse, ilki bilen göz öňümde janlanýany – «Ertekiler dünýäsi». Aslynda-ha, seniň her künjegiň ertekä kybapdaş. Megerem, şonuň üçindir seniň gujagyňa dolanymda, özümi hamana ertekiniň täsinlikler dünýäsine aralaşan ýaly duýýaryn.
Aşgabat, seniň çar ýanyňda ak mermerli köşklerdir binalar, sport desgalary, teatrlar, muzeýler, ýaşaýyş jaýlary... garaz, giden kaşaň-kaşaň ymaratlar görküňi goşalandyryp dur. Olaryň daşyny bürän baglyklar tebigatyň sazlaşygyna utgaşyp, ruhuňy göterýär.
Keşbiňe aşyk bolan her ynsanyň görejinde öçmejek nur, dilinde sena, kalbynda aýdym sen. Tolgundyryjy gözelligiňe melul bolan juwan dünýäm, alyslary nazarlandan soňam, seniň dünýäňden çykyp bilmän, esli günläp gaýybana syýahatymy seniň bilen dowam edýänim has-da geň.
Ylalaşdyryjy merkezim, ady äleme ýaýylan gözel paýtagtym – Aşgabat! Döwletimiziň berkararlygynyň, halkymyzyň bagtyýarlygynyň nyşany bolup ak geljegi nazarlap oturşyňa diňe men däl, bütin jümle-jahan haýran. Ýyllar senenamasynda Ginnesiň rekordlar kitabyny adyň bilen bezeýşiň her bir türkmenistanlynyň kalbyna buýsanç nuruny çaýýandygy munuň tekrarnamasy dälmidir, eýsem?! Ykballara Kuýaş nuruny çaýýan ajaýyplyklaryň biri-birine sepleşmegi Gahryman Arkadagymyzyň bimöçber aladalarynyň netijesi. Gözelligiňe aperin, ak mermerli şäherim!
Merjen şäherim, gözel Aşgabat! Keşbiňe maýyl bolan juwan ýüregim neneň seniň waspyňy söýlemesin?!
Ýalkym bolup ýyl ýazylýar taryha,
Aýdyma aýlandy adyň, Aşgabat!
Özgerişiň mynasypdyr tarypa,
Dal bedew deý ýyndam badyň, Aşgabat!
Ýüreklerde yşkdan gurlan ymarat,
Ak günlere müdimilik ybadat.
Gurluşyň alkyşdyr nurdan ybarat,
Älem merkezinde adyň, Aşgabat!
Düýnüň – dünýäň, aslyň göýä göwherden,
Bagt binýadyň guýulypdyr jöwherden.
Gujagyň doldurar myhman her ýerden,
Kalplar içre göwün şadym Aşgabat.
Sünnä şygyr, ösüşleriň ganatly,
Merjen şährim Arkadagdan halatly.
Eý, meniň mermerden goýny syratlym,
Dost-dogandyr ýakyn-ýadyň, Aşgabat!
Bibi TAGANOWA,
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň talyby.