Mundan dört gün ozal gadymy Amul galasyndan badalga alan, Beýik Ýüpek ýolunyň ugry bilen geçirilýän halkara awtorallisi şu gün günüň ikinji ýarymynda pellehanada – Hazaryň gözel kenary bolan Awaza milli syýahatçylyk zolagynda jemlendi. Halklary jebisleşdirýän, täze gatnaşyklara ýol açýan bu awtoralli özboluşly ýakymly ýatlamalara baý bolup, halkymyzyň şöhratly taryhynyň sahypalarynda ebedilik orun aldy.
Bilşimiz ýaly, «Amul – Hazar 2018» halkara awtorallisi tapgyrma-tapgyr geçirilip, umumy uzynlygy 1571 km-e barabar bolan marafondan ybarat bolup durýandygyny ozalam belläp geçipdik. Ýaryşlar jemi 4 tapgyrda boýunça alnyp barlyp, bu bellenen marşrutyň ugrunda 4 sany düşelge dikeldildi. Ähli amatlyklary göz öňüne tutulan bu düşelgeler ýurdumyzyň iň gözel künjeklerinde, garagumyň jümmüşinde, ajaýyp türkmen sährasynyň eteginde guruldy. Munuň şeýle bolmagy, diňe bir ýaryşyň üstünlikli geçirilmegini maksat edinmän, eýsem ozaldanam görenleri haýranda, görmedikleri armanda goýýan türkmen ajaýyplyklaryny dünýä äşgär etmekde uly orny eýeleýär. Olardan, türkmen tebigatynyň haýran galdyryjy täsinliklerini, Garagum ýalkymyny, Altyn asyr türkmen kölüniň ajaýyplyklaryny, Gyzylgaýanyň al öwsüp duran gaýalaryny, dünýä jahankeşdelerini haýrana goýýan Awazanyň gözelliklerini bellemek ýerliklidir.
Dünýäde ägirt uly çölleriň biri hasaplanylýan Garagum çölüniň aňňat-aňňat çägeleriň, belentli-pesli alaňlaryň üstünden düşýän «Amul – Hazar 2018» halkara awtorallisiniň marşruty hiç bir türgenem ahmal goýmadyk bolsa gerek. Çöl syrlaryny bilmeýänlere Garagum syrly sandyk bolup görünen bolmagy biçeme däl. Bu barada türgenler ýaryşyň media toparlaryna berýän beýanatlarynda, geçilen ýollaryň ýeňil bolmadygyny, onuň dürli kynçylyklardan ýüküniň ýetikdigini belläp geçýärler, muňa garamazdan, türkmen tebigatynyň owadan keşbi her bir kynçylygy bökdençsiz geçmäge ruhlandyrýar diýip, nygtaýarlar.
Hawa, synlanyňda kalbyňa aram berýän türkmen tebigatynyň gözelliginiň özi birzada degýär. Dürli ýurtlardan bu awtorallä gatnaşan türgenleriň bu babatdaky ýürek buýsançlary gursagyna syganok. Aýdyşlaryça, islendik bir habary her bir adamyň ortaça 10 adama ýaýratmaklyk ukyby bar. Bu göz bilen görülen gözellikler, bu täsirler, bu ýakymly ýatlamalar her bir türgeni öz ülkesine baransoňam biperwaý goýmasa gerek. Şeýle bolanda bolsa, türkmen halkynyň şöhraty has-da artyp, Türkmenistan ady dillere dessan bolar.
Ýaryşyň netijeleri barada aýdanymyzda, dogrusy, ýeňil bolmadyk menzilleri söküp, ähli çöl kynçylyklaryna döz gelip arzyly pellehana gelen her bir türgeni, her bir ekipažy ýeňiji diýip görkezse bolar. Aslynda hem, ýaryşy geçirmekde baş maksat – halklary jebisleşdirmek, täze hyzmatdaşlyklara ýol açmak, gelýän myhmanlary mähirli garşylap, olary ýurdumyzyň gözel künjekleri bilen tanyş etmek bolup durýar. Ýöne, ýaryş ýaryş bolýar. Umumy netije boýunça bu ugurda ähli ýurtlaryň tejribesi ýetik türgenler bilen bir hatarda Türkmenistan döwletimiziň awtoralli ekipažy hem ýokary netijeleri görkezip, sport jemgyýetiniň ýokary bahalaryna mynasyp boldy. Türkmen toparlarynyň ikisi: Hojaguly Annamämmedow we Gaýgysyz Akmyradow (№100 — MINI — T1 1.2) hem-de Guwanç Hommadow we Rejepnyýaz Annaberdiýew (№104 — TOYOTA — T2 2.2) öz derejelerinde üçünji orny eýelediler.
Awtorallä gatnaşyjy toparlaryň ählisi-de ozaldan kämillige ýeten toparlar. Türkmenistanyň bolsa, heniz Awtomobil sporty federasiýasynyň döredilenine köpwagt geçmedigem bolsa, birnäçe bu ugurda tejribeli döwletleri yzda galdyryp, baýrakly 3-nji ýeri eýelemegi guwandyrjy ýagdaý. Muňa bolsa eziz Arkadagymyzyň sport ulgamyny ösdürmek babatdaky bimöçber aladalarynyň miwesi diýsek, hakykatdan daş düşmeris.
Beýik Ýüpek ýolunyň döwrebap keşbi bolup, taryhy gaýtadan janlandyran «Amul – Hazar 2018» halkara awtorallisiniň toýy bu gün Hazaryň gözel kenarynda, Awaza milli syýahatçylyk zolagynda dikeldilen arzyly pellehanada tutuldy. Gatnaşyjylaryň, türgenleriň buýsanç alamatlaryna beslenen dabara ýatdan çykmajak duýgulara baý boldy. Olaryň içinde Awazanyň göz gamaşdyrýan gözelliklerine teşne bolup gelenleri-de az däl. Mahlasy, bu halkara awtoralli dünýä jemgyýetçiliginiň ünsüni Türkmenistana gönükdirip, oňyn seslenmeleriň özenini düzer.
«Milli goşun»