Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow
Italiýa Respublikasyna resmi sapar bilen ugrady. Paýtagtymyzyň Halkara howa
menzilinde döwlet Baştutanymyzy ýurdumyzyň resmi adamlary ugratdylar.
…Birnäçe sagatdan soňra, döwlet Baştutanymyzyň uçary
Italiýanyň Fýumiçino «Leonardo Da Winçi» halkara howa menziline gelip gondy. Bu
ýerde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy Italiýa Respublikasynyň
resmi adamlary, şeýle hem ýurdumyzyň resmi wekiliýetiniň agzalary mähirli
garşyladylar.
Haly düşelen ýodajygyň iki tarapynda Hormat garawulynyň
esgerleri nyzama düzüldi. Myhmansöýerligiň asylly däbine görä, döwlet
Baştutanymyza gül desseleri gowşuryldy.
Rime saparynyň çäklerinde döwlet Baştutanymyz “Altare
della Patria” ýadygärlik binasynda näbelli esgeriň guburyna gül goýdy.
Ýadygärlik binasynyň öňünde döwlet Baştutanymyzy Italiýa
Respublikasynyň goranmak ministri Gwido Krozetto we beýleki resmi adamlar
mähirli garşyladylar.
Goranmak ministrliginiň serkerdesi Türkmenistanyň
Prezidentini garşylamak dabarasynyň başlanýandygyny yglan edýär.
Iki ýurduň Döwlet senalary ýaňlanýar.
Goranmak ministrliginiň serkerdesi Türkmenistanyň
Prezidentiniň sapary mynasybetli harby nyzama düzülendigi barada hasabat
berýär.
Hormatly Prezidentimiz Italiýanyň Döwlet baýdagyny
sarpalaýar.
Soňra döwlet Baştutanymyz «Altare della Patria»
ýadygärlik binasynda näbelli esgeriň guburyna gül çemenini goýdy.
Soňra dostlukly ýurduň goranmak ministri döwlet
Baştutanymyzy dabara gatnaşýan Italiýanyň ýokary derejeli harby wekiliýeti
bilen tanyşdyrdy.
Dabaranyň ahyrynda iki ýurduň Döwlet senalary ýaňlandy.
Döwlet Baştutanymyz Italiýanyň goranmak ministri Gwido
Krozetto bilen hoşlaşyp, bu ýerden ugrady.
Hormatly Prezidentimiziň Italiýanyň azatlygy we
garaşsyzlygy üçin janyny gurban eden gahrymanlary sarpalamagy Türkmenistanyň
halkynyň dostlukly ýurduň taryhyna we milli gymmatlyklaryna çuňňur hormatynyň
aýdyň beýany boldy.
Şeýle hem şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedow Italiýanyň Prezidenti Serjio Mattarella bilen duşuşdy.
Duşuşygyň öňüsyrasynda Italiýa Respublikasynyň
Prezidentiniň “Kwirinale” köşgünde döwlet Baştutanymyzy resmi garşylamak
dabarasy boldy.
«Kwirinale» köşgüniň howlusynda hormatly Prezidentimiz
Serdar Berdimuhamedowy Italiýanyň Prezidenti Serjio Mattarella mähirli
garşylady.
Hormat garawulynyň serkerdesi Türkmenistanyň Prezidentini
resmi garşylamak dabarasynyň başlanýandygyny yglan edýär.
Iki ýurduň Döwlet senalary ýaňlandy.
Soňra Hormat garawulynyň serkerdesi Türkmenistanyň
Prezidentiniň Italiýa Respublikasyna resmi sapar bilen gelmegi mynasybetli
Hormat garawulynyň nyzama düzülendigi barada hasabat berýär.
Döwlet Baştutanlary Hormat garawulynyň hatarynyň başynda
duran Italiýa Respublikasynyň Döwlet baýdagyny sarpalaýarlar.
Soňra döwlet Baştutanlary bilelikde köşgüň içine
girýärler we iki ýurduň wekiliýet agzalary bilen tanyşýarlar.
Türkmenistanyň hem-de Italiýanyň resmi wekiliýetleriniň
agzalary bilen tanyşlykdan soňra, iki ýurduň döwlet Baştutanlary bilelikde
resmi surata düşdüler.
Resmi surata düşmek dabarasyndan soňra, hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen Italiýa Respublikasynyň Prezidenti
Serjio Mattarellanyň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi.
Prezident Serjio Mattarella belent mertebeli türkmen
myhmanyny mähirli mübärekläp, Türkmenistan bilen özara hormat goýmak
ýörelgelerine esaslanýan netijeli hyzmatdaşlyga Italiýada ýokary baha
berilýändigini belledi.
Döwlet Baştutanymyz Italiýa resmi sapar bilen gelmäge
çakylyk hem-de myhmansöýerlik üçin minnetdarlyk bildirip, Italiýa Respublikasynyň
Prezidenti bilen şu duşuşygynyň türkmen-italýan hyzmatdaşlygyny mundan
beýläk-de ösdürmäge saldamly goşant goşjakdygyna ynam bildirdi. Şeýle hem
hormatly Prezidentimiz pursatdan peýdalanyp, Prezident Serjio Mattarella
türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy
Gahryman Arkadagymyzyň iberen mähirli salamyny ýetirdi hem-de Gahryman
Arkadagymyzyň döwlet Baştutany hökmünde Italiýa amala aşyran resmi saparlaryny
we onuň dowamynda Serjio Mattarella bilen geçiren duşuşyklaryny ýakymly
duýgular bilen ýatlaýandygyny aýtdy.
Dostlukly ýurduň Prezidenti hoşniýetli sözler üçin
hoşallyk bildirip, Gahryman Arkadagymyza iň gowy arzuwlaryny beýan etdi hem-de
iki ýurduň bähbitlerine laýyk gelýän döwletara dialogyň ýokary derejesini
belledi.
Döwlet Baştutanymyz ýurtlarymyzyň halkara derejede hem
üstünlikli hyzmatdaşlyk edip, parahatçylyga, dialoga we durnukly ösüşe
ygrarlylygy görkezýändigini belledi hem-de BMG-niň Baş Assambleýasynyň
Kararnamalary bilen üç gezek ykrar edilen Türkmenistanyň hemişelik
Bitaraplygyny yzygiderli goldaýandygy üçin Italiýa minnetdarlyk bildirdi.
— Biz Italiýa Respublikasynyň Türkmenistan bilen ýakyn
hyzmatdaşlygy ösdürmäge ygrarlydygyna ýokary baha berýäris. Biz hem, öz
gezegimizde, Italiýa bilen hyzmatdaşlygymyzy ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn
formatlarda giňeltmäge gyzyklanma bildirýäris — diýip, hormatly Prezidentimiz
aýtdy we şunuň bilen baglylykda, şu ýylyň aprel aýynda geçirilen birinji
«Merkezi Aziýa — Italiýa» sammitiniň ähmiýetini belledi.
Duşuşygyň dowamynda hormatly Prezidentimiz şu ýyl
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyny belleýändigini we bu waka
mynasybetli 12-nji dekabrda Aşgabatda halkara forumyň geçiriljekdigini aýdyp,
Prezident Serjio Mattarellany foruma gatnaşmaga çagyrdy.
Dostlukly ýurduň Prezidenti çakylyk üçin hoşallyk
bildirip, Türkmenistanyň sebitde durnuklylygy we parahatçylygy pugtalandyrmakda
eýeleýän möhüm ornuna Italiýada ýokary baha berilýändigini belledi.
Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedow we Prezident Serjio Mattarella Türkmenistanyň hem-de Italiýanyň
ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ugurlaryň giň toplumy boýunça mundan beýläk-de
ösdürmäge ygrarlydyklaryny tassyklap, birek-birege we iki ýurduň dostlukly
halklaryna iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.
Hormatly Prezidentimiziň Italiýa Respublikasyna resmi sapary dowam edýär.