Biziň
ildeşimiz Annamyrat Goşanýazow Bolgariýanyň Plowdiw şäherinde ýakynda
tamamlanan taekwondo (ITF görnüşi) boýunça XXI dünýä çempionatynda bürünç
medala mynasyp boldy. Türkmen taekwondoçysy «hususy tuli» ugrunda çykyş edip,
Koreýa Halk-Demokratik Respublikasyndan we Gresiýadan bolan bäsdeşlerinden asgyn
gelip, üçünji orny eýeledi.
Türkmenistanyň
taekwondo boýunça ýygyndy toparynyň baş tälimçisi Aýdogdy Atabaýewe «Meşhur
tälimçi» diýen nyşanyň berilmegi biziň türgenlerimiziň bu çempionatda eýe bolan
ýene-de bir üstünligidir. Bu çözgüt Halkara taekwondo federasiýasynyň (ITF)
XXVII kongresinde kabul edildi.