milli goshun logo
“Al­tyn asyr” AFK-nyň Ku­bo­gy ug­run­da­ky ýa­ryş­da “Ben­ga­lu­ru” hin­di to­pa­ry­ny ýeň­di
23.08.2018 852 Habarlar | Sport

Aş­ga­ba­dyň “Al­tyn asyr” to­pa­ry­nyň fut­bol­çy­la­ry AFK-nyň Ku­bo­gy ug­run­da hal­ka­ra zo­lak­la­ýyn ýa­ry­şyň ýa­rym fi­na­ly­nyň bi­rin­ji oý­nun­da “Ben­ga­lu­ru” hin­di to­pa­ry­ny 3:2 ha­sa­by bi­len ýeň­di­ler.

Du­şu­şyk Hin­dis­ta­nyň çem­pio­ny­nyň meý­dan­ça­syn­da ge­çi­ri­lip, ol bi­ler­men­le­riň pi­ki­ri­ne gö­rä, içer­ki ýa­ryş­da öň­de­ba­ry­jy ha­sap­la­nyp gel­ýär­di. Em­ma türk­men fut­bol­çy­la­ry oýun­dan yl­ham alyp, eý­ýäm onuň 11-nji mui­nu­dyn­da Wa­hit Oraz­sä­he­dow ha­sa­by aç­dy.

Şun­dan soň hem Türk­me­nis­ta­nyň çem­pio­ny ba­dy­ny gow­şat­ma­dy, eý­ýäm tiz wagt­dan Al­ty­my­rat An­na­dur­dy­ýew ha­sa­by art­dyr­dy. Türk­men to­pa­ry­nyň peý­da­sy­na 2:0 ha­sa­by bi­len to­par­lar ara­kes­mä çyk­dy­lar.

Oý­nuň ikin­ji ýa­ry­my myh­man­la­ryň hü­jüm­le­ri bi­len baş­lan­dy, olar 46-njy mi­nut­da Wa­hit Oraz­sä­he­do­wyň ta­gal­la­la­ry ne­ti­je­sin­de ar­tyk­maç­ly­gy üç pök­gä çen­li art­dyr­dy­lar.

Şon­dan soň, Türk­me­nis­ta­nyň at ga­za­nan tä­lim­çi­si Ýaz­gu­ly Ho­ja­gel­di­ýe­wiň şä­girt­le­ri iş bit­di ha­sap edip, me­ge­rem, bat­la­ry­ny gow­şa­dan bol­sa­lar ge­rek. Meý­dan eýe­le­ri bol­sa bu ýag­daý­dan des­si­ne peý­da­lan­dy­lar. Oý­nuň 63-nji mi­nu­dyn­da Ra­hul Be­ke bir pök­gi­ni, oý­nuň ahy­ryn­da bol­sa, Erik Paar­ta­lu ikin­ji pök­gi­ni myh­ma­nyň der­we­ze­si­ne gö­nük­dir­di­ler. “Ben­ga­lu­ru” to­pa­ry­nyň şun­dan uly üs­tün­li­ge wag­ty hem, güý­ji hem ýet­me­di.

Jo­gap du­şu­şy­gy 29-njy aw­gust­da “Kö­pet­dag” sta­dio­nyn­da ge­çi­ri­ler.