«Türkmenaragatnaşyk»
agentliginiň hünärmenleri tarapyndan ýurdumyzda çap edilýän ähli gazetleri we
žurnallary bir bitewi internet saýty hem-de mobil goşundysy görnüşinde neşir
etmek, neşirleriň her biri boýunça aýratyn elektron gaznanyň bolmagyny üpjün
etmek, okyjylaryň öz islegine görä, olara ýazylmaga mümkinçilik döretmek
maksady bilen, taslama taýýarlanylýar.
Bu barada Türkmenistanyň
Prezidentiniň köpçülikleýin habar beriş serişdelerini we resminama dolanyşygyny
sanlylaşdyrmak boýunça 18-nji martda geçiren iş maslahatynda aýdylýar.
Iş maslahatynda
hormatly Prezidentimiz sanly ulgama geçilmegine has möhüm ähmiýet berilmeginiň sebäbine
ünsi çekdi. Bu bolsa dünýäde ýaýran ýiti ýokanç keseli bilen baglydyr. Çünki
islendik metbugat neşiri arkaly hem mikroblar geçip bilýär. Bu ýagdaýlaryň
adamlaryň köp ýygnanan ýerinde ýüze çykyp bilmek howpunyň bardygy sebäpli, uzak
aralykdan elektron aragatnaşyk ulgamyna mümkin boldugyça tiz geçilmeginiň möhüm
ähmiýeti bardyr.
Mundan
başga-da, milli Liderimiz elektron gazetleriň kagyz görnüşindäkiden
tapawutlylykda, maglumatlar bilen işlemek üçin has amatlydygyny belledi —
elektron gazetleriň üsti bilen gözleýän zadyňy tapmak aňsat, degişli ugurlaryňa
ýa-da elektron we internet serişdelerine geçmek mümkin. Döwlet Baştutanymyz
ýokarda aýdylanlary umumylaşdyryp, gazetleri we žurnallary elektron görnüşe
geçirmegiň anyk wagt tertibini düzmegi tabşyrdy.
Milli Liderimiz şeýle hem neşirleriň elektron görnüşine geçmek bilen baglylykda, redaksiýalaryň gurluşyny üýtgetmek meseleleriniň üstünde işlemegi, elektron gazetlerden we žurnallardan peýdalanmak üçin bellenilýän tölegleri kesgitlemegi tabşyrdy.