5-nji oktýabrda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk
Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal welaýatyna iş saparyny
amala aşyrdy. Bu ýerde döwrebap edara ediş merkeziniň gurluşygyna gözegçilik
edýän ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda täze guruljak metjidiň ýerleşjek ýeri
kesgitlenildi.
Türkmen halky öz milli däp-dessurlaryny, medeni
gymmatlyklaryny asyrlarboýy saklap we gorap gelýär. Yslam dini halkymyzyň medeni
gymmatlyklarynyň aýrylmaz bölegidir diýip bellemek bilen, hajy Arkadagymyz bu
ýerde bina ediljek metjidiň gurluşygy bilen baglanyşykly taslamalary hem-de
çyzgylary synlap, türkmen halkynyň asylly ýörelgelere ygrarlydygyny
alamatlandyrýan ähli gurluşyk işleriniň häzirki zamanyň ösen talabyna laýyk
derejede alnyp barylmalydygyna ünsi çekdi.