Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynda elde we
awtomatiki usulda kir ýuwmak üçin soda çykarýan täze kärhana açyldy. «Türkmenberkmetal»
hususy kärhanasy iki aýda 500 tonnadan gowrak ýokary hilli önüm çykardy. Metal
önümlerini taýýarlamaga ýöriteleşen telekeçilik düzümi kir ýuwujy durmuş
himiýasy serişdelerini öndürýän iri kärhanalaryň hataryna goşulmaga dalaş
edýär.
«Şirin aý» HK-nyň guran zawody her ýyl 50 müň
tonna durmuş hajatlary üçin önümleri çykarmaga niýetlenendir. Üç çalşykly işde
150 iş orny dörediler. Häzirki wagtda kuwwatlyklar özleşdirilýändigi sebäpli iş
bir çalşykda guralypdyr.
«Emaý» we «Güneş» atly döwrebap sodalarda ýokary
hilli ýerli we daşary ýurtlardan getirlýän çig mal ulanylýar. Türkiýeli
hyzmatdaşlary ýüzleý işjeň maddalary iberseler, Mary welaýatyndan soda,
Garabogaz kölünden natriý sulfaty, Ispaniýadan ys berijiler alynýar.
Sodalaryň düzüminde optiki agardyjylar, ys
berijiler, sodanyň tegmil aýryjy sypatlaryny ýokarlandyrýan, şeýle hem matanyň
gurluşyny saklaýan we güýçlendirýän goşundylar, ýuwujy erginlerindäki kir
zerrejikleriniň yzyna zatlara siňmegine ýol bermeýän polimerler bar.
Şeýle hem onuň düzümine belli bir derejelrde suw ýumşadyjylar, adamlara, umuman daşky gurşawa zyýan bermeýän antisorbentler, agardyjylar we ys berijiler goşulýar. Häzirki sodalara bildirilýän esasy talaplaryň biri-de - olaryň ekologiýa taýdan howpsuzlygydyr. Munuň üçin ýerli telekeçiler fosfatlary we düzüminde hlor bolan serişdeleri ulanmakdan ýüz öwürdiler. Olaryň önümi daşary ýurtlaryňkydan arzandyr. Kompaniýanyň belgisi goýlan sodalar eýýäm ýurduň welaýatlarynyň ählisiniň söwda merkezlerinde satuwa çykaryldy.