19-njy
fewralda ýurdumyzyň Daşary işler ministrliginiň maslahatlar zalynda
Türkmenistanyň adam hukuklary babatda halkara borçnamalarynyň we halkara
ynsanperwer hukugynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça pudagara
toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi.
Çärä milli
Parlamentiň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň,
jemgyýetçilik guramalarynyň, şeýle hem käbir halkara guramalaryň wekilleri
gatnaşdylar.
Mejlisiň gün tertibine adam hukuklaryny we halkara ynsanperwer hukugyny üpjün etmek boýunça BMG-niň ýöriteleşdirilen agentlikleri hem-de beýleki abraýly düzümler bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegiň, şeýle hem Türkmenistanyň halkara konwensiýalaryna we olaryň goşmaça teswirnamalaryna goşulmagy bilen bagly meseleler girizildi.