24-nji oktýabrda paýtagtymyzda Türkmenistanyň Mejlisiniň altynjy çagyrylyşynyň on ikinji maslahaty boldy. Onda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna hem-de ýurdumyzyň kanunçylyk-hukuk binýadyny kämilleşdirmek boýunça toplumlaýyn maksatnama laýyklykda işlenip taýýarlanylan möhüm kadalaşdyryjy-hukuk resminamalarynyň birnäçesi ara alnyp maslahatlaşyldy.
Maslahata gatnaşmak üçin Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryň ýolbaşçylary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri çagyryldy.
Maslahatda «Türkmenistanyň 2021-nji ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda» Kanunyň taslamasyna, şeýle hem «Türkmenistanyň 2019-njy ýyl üçin Döwlet býujetiniň ýerine ýetirilişi hakynda» kararyň taslamasyna garaldy. Şol taslamalar milli parlamentiň ähli komitetlerinde, şeýle hem aýry-aýry pudaklarda – ýurdumyzyň ministrliklerinde we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda deslapdan ara alnyp maslahatlaşyldy.